Hä­zir­ki dö­wür­de sport, sa­gal­dyş, eko­lo­gi­ýa, me­de­ni-öw­re­niş sy­ýa­hat­çy­ly­gy uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Sport ug­ry Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň tä­ze ug­ru­na öw­rül­ýär. Se­bä­bi hä­zir­ki za­man­da sy­ýa­hat­çy­lyk sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni alyp bar­mak, adam­la­ryň iş­jeň dynç al­şa ym­tyl­ma­gy bi­len berk bag­ly­dyr. Mu­ňa my­sal hök­mün­de dag sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny, at­ly sy­ýa­hat­çy­ly­gy, gä­mi­li ge­ze­len­ji we beý­le­ki­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Köý­ten­da­gyň aja­ýyp te­bi­gy kün­jek­le­ri, bu tä­sin me­ka­nyň ba­ryp bol­ýan go­wak­la­ry, dag ho­wa­sy hem eko­lo­gi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry, sport-sa­gal­dyş sy­ýa­hat­çy­ly­gy bi­len ut­ga­şyk­ly gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Köý­ten­dag et­ra­by çuň jül­ge­li, syr­ly go­wak­ly, aras­sa çeş­me­li we gök de­re­li aja­ýyp kün­jek­dir. Onuň te­bi­gy owa­dan­ly­gy we däp-des­sur hä­si­ýet­li ýer­le­ri köp san­ly sy­ýa­hat­çy­lar­da örän uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.
Köý­ten­da­gyň baý ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si, onuň te­bi­gy land­şaf­ty­nyň gaý­ta­lan­ma­jak owa­dan­ly­gy we ga­dy­my­ýe­tiň aja­ýyp ýa­dy­gär­lik­le­ri bu se­bi­ti iri hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gün­ki gün Köý­ten­dag döw­let go­rag­ha­na­syn­da ösüm­lik­le­riň müň tö­we­re­gi, guş­la­ryň tak­my­nan, 120 gör­nü­şi, süý­dem­di­ri­ji­le­riň 40 gör­nü­şi ha­sa­ba alyn­dy. Go­ral­ýan haý­wan­la­ry ha­sa­ba alyş möw­sü­mi bur­ma şah­ly ge­çi­le­riň we dag goç­la­ry­nyň umu­my baş sa­ny­nyň kö­pe­len­di­gi­ni gör­kez­di.
Sa­ýa­ly ka­non­la­ry we şag­la­wuk­lar, şeý­le hem öz goý­nun­da­ky aja­ýyp te­bi­gy mi­ne­ral­la­ry, öz owa­dan­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ýan ýe­ras­ty karst go­wak­lar dün­ýä­si dür­li ta­ry­hy dö­wür­le­re de­giş­li bo­lan 30-dan gow­rak ar­heo­lo­gi­k ýa­dy­gär­lik­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Köý­ten­da­gyň go­wak­la­ry­ny we ola­ryň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu se­bit­ler­de Ýer ýü­zün­de seý­rek duş gel­ýän mag­dan­la­ryň, mi­ne­ral­la­ryň uly top­lum­la­ry bar­dyr. Köý­ten­dag go­wak­la­ry dür­li ýyl­lar­da we hä­zir­ki dö­wür­de hem uly ta­ry­ha baý mes­gen­dir. Ol ýer­de bir­nä­çe go­wak­lar we çeş­me­ler – Gaý­nar­ba­ba, Ket­te, Ha­sy­mo­ýuk, Akan şor, Kap-ko­tan, şeý­le hem ýe­ke-täk, owa­dan, geň-ena­ýy Gül­şi­rin go­wa­gy bar­dyr. Go­wak­lar­da di­ňe bir mi­ne­ral­lar bol­man, ol ýer­de üýt­ge­şik kli­mat bo­lup, dür­li pa­syl­lar­da hem adam sag­ly­gy­na örän peý­da­ly ho­wa­sy bar­dyr. Bu ýe­ri­ň ho­wa­syn­dan dem al­mak­lyk bir­nä­çe ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýar we be­jer­gi ge­çir­mek üçin diý­seň peý­da­ly bo­lup, esa­san hem bron­hit, as­ma we ba­gyr ke­sel­le­ri­ne ýa­kym­ly tä­sir ed­ýär.
Ýur­du­my­zyň bu se­bi­tin­de hem sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Bir­nä­çe te­bi­gy gö­zel­lik­ler, ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler, döw­let go­rag­ha­na­la­ry, Köý­ten­da­gyň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry is­len­dik ja­han­keş­dä­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu haý­ran gal­dy­ry­jy et­ra­byň te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek ba­bat­da, şeý­le-de şol ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ryp, sy­ýa­hat­çy­lar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, myh­man­ha­na­la­ry gur­mak we beý­le­ki hyz­mat ediş ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te bäs­le­şi­gi ge­çir­me­giň der­wa­ýys­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Dog­ru­dan-da, bu se­bit­de sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni çek­jek, öz­bo­luş­ly te­bi­gy gö­zel­lik­ler az däl. My­da­ma ba­şy gar­ly Köý­ten­dag ýur­du­­my­zyň iň bir gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu da­gyň 3139 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän Aý­ry­ba­ba ger­şi ýur­du­my­zyň iň be­ýik no­ka­dy ha­sap­lan­ýar. Köý­ten­da­gyň uzyn­ly­gy 85-110 ki­lo­met­re, ini bol­sa, 25-30 ki­lo­met­re uza­lyp gid­ýär. Bu da­gyň eko­lo­gi­k ul­ga­my­ny, tä­sin te­bi­ga­ty­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­mak mak­sa­dy bi­len Köý­ten­dag döw­let go­rag­ha­na­sy, şeý­le-de Gar­lyk, Ho­ja­pil, Ho­ja­bur­jy­be­lent we Ho­ja­ga­ra­wul çäk­li go­rag­ha­na­lar­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Köý­ten­da­gyň haý­wa­nat dün­ýä­si-de baý­ly­gy we öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýer­de köp san­ly tä­sin ba­lyk­la­ra duş gel­in­ýär. As­lyn­da, bu ýer­de ba­lyk­la­ryň 10 gör­nü­şi bo­lup, ola­rdan kör ba­lyk Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­dir. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de süý­dem­di­ri­ji­le­riň 22 gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň 7-si Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­dir. Süý­re­ni­ji­le­riň hem 20 gör­nü­şi bar, ola­ryň 2 gör­nü­şi Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Köý­ten­da­gyň ösüm­lik dün­ýä­si-de örän baý. Halk ara­syn­da der­man­lyk üçin peý­da­la­nyl­ýan ösüm­lik­le­riň ag­la­ba­sy­na bu ýer­de duş­mak bol­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da gö­zel me­ka­ny­my­za gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň has-da art­ma­gy ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan hoş­ni­ýet­li sy­ýa­sa­tyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ho­wan­dar­ly­gyn­da ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy gel­je­gi uly, mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­lip, onuň iş­jeň dynç alyş we şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy baş şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu aja­ýyp iş­le­riň ba­şyn­da eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň dur­ýan­dy­gy Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ge­le­jek­de-de uly ro­waç­lyk­la­ra eýe bol­jak­dy­gy­ny aý­dyň ala­mat­lan­dyr­ýan ha­ky­kat­dyr.

Oraz­je­mal Hal­ly­ýe­wa,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-
gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.