Rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň “Anna Karenina” romany adamzadyň taryhyndaky iň gowy romanlaryň sanawynda üçünji ýeri eýeledi. Ýüzlerçe saýlama eserleriň bu sanawyny okyjylar bilen pikir soraşmak arkaly ABŞ-nyň “The Daily Telegraph” gazeti taýýarlady. Sanawda birinji orny iňlis ýazyjy zenany Jorj Eliotuň “Middlemarch” romany eýeledi. Ikinji orna amerikan ýazyjysy German Melwilliň “Mobi Dik” romany makul görüldi.
Sanawyň ilkinji onlugyna amerikan ýazyjysy Genri Jeýmsiň “Zenan portreti” romany, iňlis ýazyjysy Jozef Konradyň “Tümlügiň jümmüşi”, fransuz ýazyjysy Marsel Prustyň “Ýitirilen wagtyň gözleginde”, iňlis ýazyjylary doganlar Bronteniň “Jeýn Eýr”, Günorta afrikaly ýazyjy Jon Kutzeýeniň “Betnamlyk”, iňlis ýazyjysy Wirjiniýa Wulfuň “Hanym Delloueý”, ispan ýazyjysy Migel de Serwantesiň “Don Kihot” ýaly eserleri girdi.
Sanawda Lew Tolstoýyň belli romanyndan başga-da, rus ýazyjylarynyň birnäçesiniň romanlary hem bar. Olaryň arasynda 54-nji orunda Wladimir Nabokowyň “Lolita”, 66-njy orunda Fýodor Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza”, 88-nji orunda Aleksandr Puşkiniň goşgy bilen ýazylan “Ýewgeniý Onegin” ýaly romanlary bar.
“Anna Karenina” Tolstoýyň iň gowy eserleriniň biri hasaplanýar. Ol bu eseriň üstünde köp ýyllap işleýär. Roman esasynda Russiýada hem-de Günbatar ýurtlarynda filmler surata düşürildi.