Dünýädäki ähli zatlar unudylmagyň çaňy bilen örtülendir, diňe iki zat müdimi galýar: gahrymanyň işi we dananyň sözi.
Kim ömür sürüp, durmuşdan sapak almasa, oňa dünýäde hiç bir mugallym hiç zat öwredip bilmez.
Eger-de iş kämil ýerine ýetirilen bolsa, ol seni arşa göterer.
Eger seniň ýoluň dünýä akyl ýetirmäge ulaşdyrýan bolsa, uzaklygyna we müşgilligine garamazdan diňe öňe git!
Paýhasly, oýlanyşykly aýdylan sözüň bahasy düre we altyn tagta barabardyr.
Paýhasly ýol gözle, bilim almak üçin bütin dünýäni sök.
Tikene galtaşman, gül ýolup bilmersiň.
Eger-de serwi agajy has ýokary göterilse, sülgün onuň şahalaryny görüp bilmeýär.
Eger-de sen birine kömek eden bolsaň, bu barada dost-duşmanyň ýanynda dil ýarma.
Edermenlik – belent maksatlara dyrjaşýanyň ýol-ýörelgesidir.
Bagtyýarlyk paýhasdadyr, şonsuz külpetdir, diňe akyl-paýhas baýlykdyr, şonsuz mätäçlikdir.
Kim şadyýan we kalby rehimli bolsa, şoňa sagadat paýy berlendir.
Lebzini bozýana sylag-hormat ýok.
Goý, seniň paýhasyň işleriňi ugrukdyrsyn. Ol seniň ruhuňy ýamanlyga itermez.
Işi ertä goýmak paýhasa laýyk däldir, çünki ertirki güni bilmek bize berilmändir.
Zehin we bilim – röwşen çyrag bolup, şonsuz tümlükden çykyp bolmaýar.
Syr bir-iki adamda bolýar, üçde syr bolmaýar, dördüň syry bolsa, hemmä mälimdir.
Akyldar ýagşylyga ymtylýar, samsyk ýamanlyga.
Bagt howada öwüsmeýär, bagt hemmelere zähmet arkaly berilýär.
Bir duşman köp, müň dost azdyr.
Iň uly garyplyk – nadanlykdyr. Iň uly baýlyk – paýhasdyr. Iň uly miras – edep-ekramlylykdyr.
Bilim ýüreklere ýagtylyk çaýyp, beden üçin şowsuzlyklara garşy sowutdyr.
Terjime eden
Gurbandurdy Hojaýew,
Türkmenistanyň ussat mugallymy,
Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy.