Dün­ýä­de iň köp ada­dan eme­le ge­len ýurt­la­ryň ara­syn­da Ka­na­da, Finl­ýan­di­ýa we In­do­ne­zi­ýa döw­let­le­ri öňe saý­lan­ýar. Daş-tö­we­re­gi suw bi­len gur­şa­lan gu­ry ýer bö­le­gi­ne ada di­ýil­ýär. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­dä­ki ada­la­ryň hem­me­sin­de ilat ýa­şa­ma­ýar. Ola­ryň kä­si to­kaý­lyk, kä­si örän ki­çi, kä­bi­ri tu­tuş bir şä­he­riň ýa-da ýur­duň çä­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. In­do­ne­zi­ýa­da 17 müň 508 ada­nyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Şeý­le köp bo­lan­soň, ýurt ada­la­ry sa­na­mak we ola­ra at dak­mak ka­ra­ry­na gel­di. Bu ada­la­ryň ha­sa­ba alyn­ma­gy bi­len daş­ky gur­şa­wyň we ba­lyk­çy­ly­gyň go­ral­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Is­len­dik gu­ry ýer bö­le­gi­niň ada bol­ma­gy üçin onuň te­bi­gy we suw beý­ge­len wag­tyn­da-da de­ňiz de­re­je­sin­den ýo­kar­da gal­ma­gy hök­ma­ny­dyr. Ada­la­ryň ha­sa­ba alyn­ma­gy üçin onuň ady­ny azyn­dan iki adam bil­me­li. 1,9 mil­li­on ine­dör­dül km tö­we­re­gi meý­da­ny bo­lan In­do­ne­zi­ýa­da ada­la­ryň äh­li­si­niň sa­nal­ma­gy örän köp zäh­met ta­lap ed­ýär. My­sal üçin, ýur­duň paý­tag­ty Ja­kar­ta­nyň go­la­ýyn­da­ky Müň ada­ (Thou­sand Is­lands) se­bi­ti dynç alyş gün­le­ri iň bir ge­lim-gi­dim­li ýer­le­re öw­rül­ýär. Bu ýer­de nä­çe ada­nyň bar­dy­gy anyk mä­lim däl. 2012-nji ýyl­da BMG-niň Ge­og­ra­fik at­la­ryň stan­dart­laş­dy­ryl­ma­gy mas­la­ha­tyn­da In­do­ne­zi­ýa 13 müň 466 ada­nyň anyk­la­nan­dy­gy­ny we at da­ky­lan­dy­gyny ha­bar ber­di. Go­laý­da ýurt ýe­ne-de 1 700 ada­ny ha­sa­ba alyp, hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na mä­lim et­me­gi mak­sat edi­n­ýär. Ada­lar ha­sa­ba al­nan­da, ola­ryň ýer­leş­ýän ýe­ri, ady, ge­og­ra­fik ta­ry­hy hem anyk­lan­ma­ly.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, um­man­lar­da, gu­ry ýer­den uzak­da su­was­ty wul­kan­la­ryň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de tä­ze ada­lar hem peý­da bol­ýar.