Tomus paslynyň yssy günlerinde suwa düşmegi halamaýan ýok bolsa gerek. Isle hammam bolsun, isle-de howuz, köp suwa düşülende, elimiziň we aýaklarymyzyň barmaklarynyň derisi ýygrylýar. Elimiziň aýasy we dabanymyzam şeýle bolýar. Eýsem onuň sebäbi nämedekä?!
Bu barada häzire çenli dürli pikirler orta atylypdy. Angliýadaky Nýukasl uniwersitetiniň hünärmenleri bu ugurda ylmy barlag geçirenlerinde, bürşen eliň we aýagyň islendik tekizlige basanynda ýa-da tutanynda, mäkäm saklaýandygyny anyklady. Tom Smulders bürşen deriniň ulaglaryň tigirleriniň ýere berk galtaşmagyna mümkinçilik berýän hyrlara meňzeýändigini belleýär. Şol sebäpli elimiz bilen tutan zadymyz barmak yzlarynyň has gabarandygy sebäpli tutulan zady berk saklaýar. Dabanyň derisiniň bürüşmegi bolsa, tekiz ýerde taýmagyň öňüni alýar.
Smulders we onuň ýolbaşçylyk edýän toparyna bu tejribäni geçirmäge birnäçe adam meýletin kömek edipdir. Olar ilki gury mahaly ýylmanak topjagazlary elinde saklapdyrlar. Soňra ellerini 30 minut ýyly suwda saklandan soňra şol bir hereketi ýerine ýetiripdirler. Netijede, bürşen barmaklaryň has mäkäm tutýandygy anyklanypdyr.
Mundan ozal, biologlar belli bir wagt suwda galanynda, suwuň derini çişirýändigi sebäpli el we aýak barmaklarynyň bürüşýändigini çaklaýardylar. Emma geçirilen soňky barlaglar bu ýagdaýyň nerw ulgamy sebäpli bolýandygyny we gan damarlarynyň büzülmegi zerarly ýüze çykýandygyny subut etdi. Smuldersiň aýtmagyna görä, nerw ulgamy birnäçe wagt suwda durandygyna “göz ýetireninden” soň barmaklaryň uçlaryndaky gan damarlaryny inçeldýär, emma deri kiçelmänsoň büzüşmek bilen bolýar. Bu açyş “Biology Letters” žurnalynda çap edildi.