To­musky dynç alyş möwsüminiň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de kö­pi­miz ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de dynç alýan bol­sak, kä­bi­ri­miz oba ýer­le­ri­ne gi­dip, gö­zel te­bi­ga­ty­myzy, oba durmuşyny has ýa­kyn­dan syn­la­ýa­rys. Wag­ty­my­zy şa­dy­ýan, şol bir­wagt­da peý­da­ly zat­la­ry öw­re­nip ge­çir­mek mö­hüm­dir. Peý­da­ly ha­sap­lan­ýan oý­na­waç­la­ryň bi­ri Ru­bi­giň ku­bi­gi­dir. Bu tä­sin oý­na­wa­jy 1974-nji ýyl­da wen­ger ar­hi­tek­to­ry Er­no Ru­bik oý­lap tap­ýar. Ru­bik Bu­da­peş­tiň Ama­ly sun­gat we se­net­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň di­zaýn­çy­lyk we bi­na­gär­lik fa­kul­te­tin­de mu­gal­lym­çy­lyk edip­dir. Ol ku­bi­gi il­ki okuw es­ba­by hök­mün­de ça­ga­la­ryň ma­te­ma­ti­ka hö­we­si­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ýa­sap­dyr. Il­kin­ji ku­bik­ler 27 sa­ny agaç­ böleginden yba­rat bo­lup­dyr. Soň­ky ýa­san ku­bi­gi­niň  gör­nü­şi bol­sa, 54 ku­bik­den yba­rat bo­lup, mer­ke­zin­de 6 sa­ny bir reňk­li ku­bik­ler, gap­da­lyn­da 12 sa­ny 2 reňk­li ku­bik­ler we çüňk­de 8 sa­ny 3 reňk­dä­ki ku­bik­ler ýerleşipdir. 1975-nji ýyl­da Ru­bik öz ön­dü­ren önü­mi­niň pa­ten­ti­ni al­ýar. 1978-nji ýyl­da bol­sa, Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da “Ja­dy­ly ku­bik” (“Buvuos­Kocka”) ady bi­len ça­ga­la­ra hö­dür­le­ýär. 1980-nji ýyl­da “Ideal­ToyCor­po­ra­ti­on” kom­pa­ni­ýa­sy onuň önüm­çi­li­gi­niň rug­sat­na­ma­sy­ny sa­tyn ala­nyn­dan soň, oý­na­waç has giň­den ýaý­rap baş­la­ýar. Kom­pa­ni­ýa ku­bik­le­ri “Ru­bi­giň ku­bi­gi” di­ýip at­lan­dy­ran hem bol­sa, kä­bir ýurt­lar­da oňa “wen­ger ku­bik­le­ri” hem di­ýil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ru­bi­giň ku­bi­gi­ni gys­ga wagt­da çöz­mek ýa­ry­şy ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ro­bot ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar öz­le­ri­niň ro­bot­la­ry­nyň nä­de­re­je­de “akyl­ly­dy­gy­ny” su­but et­mek üçin oňa bu oýnawajy düz­dür­ýär­ler.