Hä­zir­ki bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ta­gal­la­sy bi­len türk­me­niň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­sin­dä­ki ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň gaý­ta­dan di­kel­di­lip, sun­ga­tyň kys­sa, şyg­ry­ýet, aý­dym-saz, su­rat çek­mek… ýa­ly ugur­la­ry bo­ýun­ça ze­hin­li ýaş­lar bi­len ha­ly­pa­la­ryň du­şu­şyk­la­ry­nyň hä­li-şin­di ge­çi­ri­lip du­rul­ýan­dy­gy diý­seň be­gen­dir­ýär.
Is­len­dik sun­gat­da dö­re­di­ji­lik ar­zuw et­mek­den, şol ar­zu­wy­ňy ama­la aşyr­mak üçin özüň­den ök­de­le­riň – uly ha­ly­pa­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni iç­gin öw­re­nip, öz ýo­lu­ňy tap­mak­dan baş­lan­ýar. Hat­da, öz döw­rün­de tu­tuş Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­ny çuň­ňur öw­re­nen Mag­tym­gu­ly ata­myz hem:
Abu Se­ýit, Omar Haý­ýam, He­me­da­ny,
Fer­döw­si, Ny­za­my, Ha­fyz per­wa­ny,
Je­la­led­din ki­bi, Ja­my el­na­my,
Olar­nyň ýa­nyn­da me­nem san bol­sam
– diý­mek bi­len, bu aja­ýyp goş­gu­syn­da dün­ýä ge­lip, nus­ga­lyk iş bi­ti­rip, özün­den soň­ku­la­ra kä­mil sun­ga­ty­ny ýa­dy­gär­lik gal­dy­ran dün­ýä bel­li us­sat ha­ly­pa­la­ryň kyrk­dan gow­ra­gy­nyň ady­ny ag­zap­dyr.
Is­len­dik sun­gat hem ylym ýo­ly özü­ne tu­tuş düýr­me­giň bi­len be­ril­me­gi­ňi, gi­je-gün­diz okap, öw­re­nip, aňy­ňy baý­laş­dyr­ma­gy­ňy, kä­mil­leş­me­gi­ňi ta­lap ed­ýär. Meş­hur tä­jik şa­hy­ry Sa­d­rid­din Aý­ni her bir ýaş şa­hy­ryň uly ha­ly­pa­la­ryň 20 müň goş­gy se­ti­ri­ni ýat­dan bil­me­li­di­gi­ni sar­gap­dyr.
Is­len­dik il­ha­lar eser ýa­zy­jy-şa­hy­ryň, dö­re­di­ji­niň uzak ýyl­lap kal­byn­da eý­le­nip, onuň ir­gin­siz, tu­tan­ýer­li çe­ken zäh­me­ti bi­len ke­ma­la gel­ýän­dir. Dö­re­di­ji­lik işin­de he­mi­şe uly be­lent­lik­le­re ym­tyl­ma­saň, or­ta gürp­de ga­lar­syň. Bu­lam se­ni hiç ma­ha­lam ka­na­gat­lan­dyr­maz. Hut şu­ňa gö­rä-de, is­len­dik sun­ga­ta baş go­şa­nyň­da, oky­jy­la­ryň, to­ma­şa­çy­la­ryň öňün­de uly jo­gap­kär­çi­lik çek­ýän­di­gi­ňi baş­dan duý­ma­ly­syň.
Bu ba­bat­da men si­ze ýaş­ly­gyn­dan baş­lap öz dö­re­di­ji­li­gi­niň öňün­dä­ki jo­gap­kär­çi­li­gi­ni be­lent de­re­je­de duý­mak bi­len şyg­ry­ýe­ti­mi­ze en­çe­me tä­ze­lik­le­ri ge­ti­ren meş­hur şa­hy­ry­myz Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň dö­re­di­ji­lik ýo­ly ha­kyn­da gür­rüň be­re­ýin.
1959-njy ýyl­da soň­ra gör­nük­li ýa­zy­jy-şa­hyr­lar bo­lup ýe­ti­şen Gu­ban­na­zar Ezi­zow, Gow­şut Şa­my­ýew, Ho­ja­ne­pes Me­lä­ýew da­gy­myz bi­le şol ma­hal­ky Mak­sim Gor­kiý (hä­zir­ki Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky) Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­ne oku­wa gir­dik. 1964-nji ýyl­da hem oku­wy­my­zy ta­mam­lap, türk­men met­bu­ga­tyn­da işe baş­la­dyk. Bi­zi dö­re­di­ji­lik “içen suw­la­ry aý­ra git­me­ýän dost­la­ra” öw­rüp­di.
En­çe­me ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň ede­bi yk­ba­lyn­da bol­şy ýa­ly, Gur­ban­na­za­ram goş­gy ýaz­ma­ga he­niz ýet­gin­jek­kä baş­lap­dy. Onuň goş­gu­da­ky il­kin­ji sy­na­ny­şyk­la­ry öw­ren­jä­niň­ki ýa­ly gö­rün­se-de, olar­da tä­sin duý­gu­lar bar. Onuň he­niz on bäş ýa­şyn­da­ka, şol ma­ha­lyň ça­ga­lar ne­şir­le­ri bo­lan “My­dam taý­ýar” ga­ze­tin­de, “Pio­ner” žur­na­lyn­da çap et­di­ren goş­gu­la­ry pi­kir­le­ri­niň ça­ga­nyň­ky ýa­ly sa­da­ly­gy, be­ýan edi­li­şi­niň gö­nü­mel­li­gi bi­len he­niz öw­ren­jä­niň­kä meň­ze­se-de, ýaş şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­rin­de­di­gi­ni aý­dyp dur.
Ge­liň, ýa­ňy dö­re­di­ji­lik işi­ne baş­lan şa­hy­ryň il­kin­ji sy­na­ny­şyk­la­ry­na ga­rap ge­çe­liň!

ÝAZ ÝA­G­ŞY
Ba­ha­ryň ýa­gy­şy ýa­gan­da şar­lap,
Suw­lar ýu­waş şil­di­reş­di gol­lar­da.
Gün şöh­le­si bir­den çy­kan­da par­lap,
Suw dam­ja­sy bul­du­raş­dy gül­ler­de.
1956-njy ýyl.

GA­RA­GUM KÖ­LI
Bu köl­mi, de­ňiz­mi ýa-da bir der­ýa?
Aňyr­sy gök bi­len sep­le­şip dur­ýar.
Öw­sen­de my­la­ýym sä­her şe­ma­ly,
Aç­ýar per­de­si­ni ör­dek-guw kö­li.
Ýyl­dyz­lar to­pa­ry gör­nen­de gök­de,
Ýal­ňyz ýel­ken agar du­rar uzak­da.
Bu iş köp asyr­lar bol­sa­-da müş­gil,
Bu gün öz­gerd­ýä­ris çöl­lü­giň keş­bin.
Joş sen, kö­lüm, hy­juw bi­len dur­şu­ňa,
Tol­kun­laň meň­ze­sin Gü­nüň ger­şi­ne.
Ga­ra­gum düýş gör­sün, tä­sin düýş gör­sün:
Gu­my su­wa dö­nüp, tol­ku­nyp dur­sun.
1956-njy ýyl.

Ýaş şa­hy­ryň or­ta mek­de­bi ta­mam­lan ýyl­la­ryn­da, ýag­ny he­niz on ýe­di­-on se­kiz ýa­şan ýyl­la­ryn­da ýa­zan goş­gu­la­ry we­lin, eý­ýäm baş­ga hörp­den gop­ýar.
* * *
Dur­muş kyn­çy­ly­gy­na duş­saň sen eger,
Gy­nan­ma­gyn oňa, gam çek­me­gin hiç.
Agyr gün­de sen sab­ry­ňa kuw­wat ber,
Şat­lyk­ly gün­ler-de ge­ler ir-u-giç.
Ýü­rek my­dam gel­jek bi­len ur­ýar şat,
Bir gün gam ge­ti­rer her bir yn­sa­na.
Hiç bir zat ba­ky däl, öter hem­me zat,
Öten­leň hem­me­si hoş ge­ler ja­na.
1959-njy ýyl.

Bu goş­gu­la­ry okan is­len­dik oky­jy ola­ryň ara­ta­pa­wu­dy­ny, ýaş şa­hy­ryň he­mi­şe kä­mil­li­ge ym­ty­lan­dy­gy­ny ar­ka­ýyn gö­rüp bi­ler. Okuw­çy Ezi­zow eý­ýäm ýaz ýa­g­şy­nyň keş­bi­ni çek­mä­ge sy­na­nyş­ýar, Ga­ra­gumy bu­lut­la­ryň de­ňin­den syn­la­ýar, dur­muş­da bo­lup bi­läý­jek kyn­çy­lyk­lar hak­da pi­kir­len­ýär. Şo­ba­da­-da onuň goş­gy se­tir­le­ri baş­ga-­baş­ga äheň­ler­de ýaň­lan­ýar. Di­ňe Hu­daý­dan ber­len ze­hin ir­gin­siz oka­mak, ak­yly­ňy baý­laş­dyr­mak, tä­ze­çil­li­ge he­mi­şe ym­tyl­mak bi­len ut­gaş­dy­ry­lan­da şeý­le bol­ýar. Şa­hy­ryň aň-­dü­şün­je­si ze­hi­ne ga­ry­lyp, tä­ze bir aň­lat­ma­la­ry, pi­kir beýan etmegiň tä­ze usu­ly­ny eme­le ge­tir­ýär. Şu ýer­de­nem G. Ezi­zo­wyň mil­li şyg­ry­ýe­ti­mi­ze tä­ze­çe aýt­mak, se­ti­riň, tu­tuş goş­gy­nyň pi­kir ýü­kü­ni ag­ralt­mak usu­ly­nyň, onuň ede­bi eder­men­li­gi­niň ba­şy baş­lan­ýar.
* * *
Gur­ban­na­za­ryň eý­ýäm dö­re­di­ji­lik işi­niň baş­la­ryn­dan kä­mil­li­ge ym­ty­lan­dy­gy haý­ran gal­dyr­ýar. Ýö­ne­keý­je deg­şi­lip-gül­şül­ýän söh­bet­deş­lik­ler­de-de, äh­mi­ýet­li me­se­le ga­ral­ýan ýyg­nak­lar­da-da, ýaş­lyk ýel­gi­ni­niň ba­dy­ho­wa­ly­gy bi­len kel­le gö­çü­lip je­del­le­şi­len­de-de, ýü­rek­deş­lik bi­len syr al­şyp-ber­şil­ýän ma­hal­la­ram ol edil gar­rap do­gan ýa­ly, ag­ras, berk pi­kir­li he­mem bi­çak dog­ru­çyl adam­dy. Gurp­ly öýüň ýe­ke dik­ra­ry bo­lan ýaş ýi­gi­de, üs­te­si­ne-de dö­re­di­ji­lik, şow­lu­ly­gy­nyň ba­dy­na göw­ni gal­ky­nan kä­bir şa­hyr­la­ra mah­sus ýeň­les­lik, gö­te­rim­lik Gur­ban­na­zar­da düý­bün­den ýok­dy. Ter­si­ne, öz aý­dy­şy ýa­ly, “Öz ýeň­les gy­lyg­na ga­zap­ly bol­mak” bar­dy:
…Men ahyr otu­ryp, hy­ýa­la bat­dym,
“Nät­me­li?” Bu nä­zik er­ki nät­me­li?”
Az ýö­räp, köp ýö­räp, bir pik­re ýet­dim:
Ony it ýen­jen­den be­ter ýenç­me­li!
Dö­re­di­ji­lik­de öz ýa­zy­şyň­dan nä­gi­le­lik hiç ma­hal­la­ram ýa­ra­maz zat ha­sap­la­nyl­man­dyr. Bu ba­bat­da uly us­sa­dy­myz Ke­rim Gur­ban­ne­pe­so­wyň öm­rü­niň ahyr­la­ryn­da goş­gy ýaz­ma­sy­ny seý­rek­le­den ma­hal­la­ry bir ede­bi­ýat­çy­nyň: “Nä­me üçin goş­gy ýaz­ma­gy azalt­dy­ňyz?” di­ýip, be­ren so­wa­ly­na: “Is­leý­şim ýa­ly-ha, ýa­zyp bi­le­mok, ba­şar­yşym ýa­lam ýa­za­sym ge­le­nok” di­ýip, be­ren jaý­dar jo­ga­by dö­re­di­ji­li­ge he­mi­şe jo­gap­kär­li ga­ran çyn ze­hi­niň aý­daý­jak sö­zü­dir.
Gur­ban­na­zar bol­sa, bu ba­bat­da:
Öz-özü­mi iý­män sak­lan­ýan zor­dan,
Ha­ky­dam­da bol­sa, şol eýmenç söz­ler.
-Ýe­ri, ýaz­mak kä­rin tap­dyň sen nir­den?
Nä­me di­ýer­kä­ler? Nä­me di­ýer­ler?
* * *
Ýe­ri, sa­çyň ýolup ag­la­jak­my sen,
Üm­dü­zü­ňe tut­dur­jak­my ýa-da sen.
Bar ýa­zan­laň oňat goş­ga ta­ýyn­lyk
Bol­ýa­nlyg­na düşünmekden ýa­da­saň.
* * *
SÖZ
Söz – bu ga­zap bi­len ça­kan ýyl­dy­rym.
Söz – bu gyz nä­zi­dir, dür­leň-dü­rü­dir.
Ba­şar­ma­saň – ol öçüg­si ýyl­dy­zyň,
Ba­şar­sa­ňam – low­lap du­ran Gü­nüň­dir.

NÄ­RA­ZY­LYK
Nä­ra­zy­lyk – örän oňat duý­gu­dyr,
Ýö­ne bu duý­gy­ny ga­zan­mak kyn­dyr.
Ol – uly şa­hyr­laň böw­rün­de han­jar,
Ejiz­le­riň han­ja­ry­nyň gy­ny­dyr.
* * *
Ýaz!
Ýaz­mak­dan ýa­ňa gu­ra­syn go­luň,
Gi­jäň kö­pi ge­çip, ga­lyp­dyr azy.
Sen özüň­den nä­çe nä­ra­zy bol­saň,
Il sen­den şon­ça-da ra­zy­dyr, ra­zy.

ÝE­KE SE­TIR
…Ýag­ty dün­ýä go­ýan bir­je se­ti­riň
Be­ren sü­te­mi­ni hiç kim­se bil­mez.

Di­ňe müň­läp se­tir oka­lan gün­diz
Hem gi­je­leň ýag­ty çy­ra­gy bi­ler.
Saa­dy, Go­mer bi­ler, Ru­da­ky, Puş­kin,
Tols­toý, Ler­mon­tow, Py­ra­gy bi­ler.

Ýö­ne müň­läp se­tir­le­ri kül­ter­läp,
Bi­ri­ni goý­maz­lyk – köý­mek­dir, köý­mek.
Bu dün­ýä­de iň eş­ret­li sü­tem­dir,
Mil­li­on se­tir okap, bir se­tir goý­mak.

SUN­GAT
Ar­tyk­maç­lyk – duş­ma­ny­dyr sun­ga­tyň.
Tyg­şyt­ly bo­lan­da, be­ýik­dir na­ma.
Men pi­kir­mi bir söz bi­len aýd­ýar­kam,
Ol ýe­re üç sö­züň ge­re­gi nä­me!

Sun­gat diý­mek nä­me?
Bil­ýär­mi­si­ňiz?
Bu so­wa­la sa­da jo­gap ber­me­li.
Biz he­ri­miz – özü­mi­ziň zer­gär­miz,
My­dam özü­mi­zi ýo­nup ýör­me­li
– diý­mek bi­len, öz ba­şyn­dan ge­çi­ren dö­re­di­ji­lik hup­bat­la­ry­ny be­ýan ed­ýär.
Ol bi­çak köp oka­ýan­ly­gy, ju­da köp bil­ýän­li­gi bi­len köp­ler­den saý­la­nýardy. Puş­ki­niň, Gýo­tä­niň, Baý­ro­nyň, Şeks­pi­riň kä­bir goş­gu­la­ry­ny ýat­dan bil­ýär­di, ola­ry ter­ji­me ed­ýär­di. Rus şa­hyr­la­ry­nyň goş­gu­la­ry­ny ýat­dan aý­dar otu­rar­dy. Gur­ban­na­za­ryň ju­da köp bil­ýän­li­gi onuň her goş­gu­syn­da äş­gär gö­rün­ýän­dir. Gur­ban­na­zar­y oka­nyň­da ýa­ra­maz tä­sir­le­ri gal­dyr­ýan, has ta­ky­gy, ýa­ra­maz wa­ka­lar, er­bet hä­si­ýet­li adam­lar hak­da goş­gu­lar az. Bo­la­ýan­da-da olar hal­kyň ol ýa-da beý­le­ki bir ha­dy­sa, ada­ma ga­ra­ýyş­la­ry­nyň be­ýa­ny­dyr.
Soň gö­rüp otur­sak, mu­nu­ňam özü­ne ýe­te­si se­bäp­le­ri bar eken. Gur­ban­na­za­ryň eje­si Gul­na­bat daý­za­my­zyň gür­rüň ber­me­gi­ne gö­rä, Gur­ban­na­zar ça­ga­ly­gyn­da, ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ryn­da ata­sy – tu­tuş Ahal­da meş­hur zer­gär, il için­de uly hor­ma­ta eýe bo­lan, bi­çak dog­ru­çyl, so­wat­ly mol­la Hüm­met aga­nyň (ol 1956-njy ýyl­da ara­dan çy­kyp­dyr) ter­bi­ýe­sin­de bo­lup­dyr. Ol türk­men şaý-sep­le­ri­ni ýa­sap otyr­ka üns­li­je Gur­ban­na­za­ra mu­kad­des Kuranyň ro­wa­ýat­la­ry­ny, ga­dy­my er­te­ki­le­ri, türk­me­niň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­le­riň baş­dan ge­çi­ren­le­ri­ni hä­li-şin­di gür­rüň be­rer eken. He­mi­şe köp oka­ma­ga, bil­mä­ge, dur­muş ha­dy­sa­la­ry­na özü­çe göz ýe­tir­mä­ge, ne­ti­je çy­kar­ma­ga… ym­tyl­mak Gur­ban­na­za­ra Hüm­met aga­dan mi­ras ge­çip­dir. Gur­ban­na­zar kü­müş us­sa­çy­ly­gy­ny, dog­ru­çyl bol­ma­gy, her­ki za­dy göw­ne ge­l­şi­çe hem so­wat­ly aýt­ma­gy, adam­la­ryň ara­syn­da özü­ni sa­ly­hat­ly alyp bar­ma­gy, uly­ny üns­li diň­le­me­gi, giň­göw­rüm­li­li­gi, eji­ze ga­nym bol­maz­ly­gy… ata­syn­dan öw­re­nip­dir. Şa­hyr “Me­niň as­ly­ýe­tim” at­ly goş­gu­syn­da ata­sy­ny şeý­le ýat­la­ýar:
Meň atam­da ze­hin ýok­dy üýt­ge­şik,
Ýö­ne öz kä­ri­ni ýü­rek­den söý­di.
Gaş bi­len di­wa­laň go­şu­ny go­şup,
Kü­müş­dir gy­zy­lyň ni­ka­syn gyý­dy.

Us­sa­ha­na­syn­da – sun­gat öýün­de,
Me­niň eziz atam eden­soň yh­las,
Ger­çek­leň gö­zü­ne gö­zel gö­rün­di,
Türk­me­niň eda­ly gö­zel­le­ri has.
Gur­ban­na­zar tu­tuş öm­rün­de go­ja adam ýa­ly pi­kir­le­nip, ýa­ňy mur­ty ta­ban ýig­dek­çä­niň ýü­rek jo­şy bi­len ýaz­ma­gy ba­şar­ýar­dy. Ol adam hä­si­ýet­le­ri­ni be­ýan eden­de, wa­ka­la­ry öz dur­mu­şy bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar. Ol aý­ra­ty­nam, dö­re­di­ji­lik (ze­hin­li­lik, gor­kak­lyk, äti­ýaç­lyk…) ba­bat­da söh­bet ede­nin­de özü­ne ýo­wuz da­ra­ýardy.
Onuň gys­ga öm­rü­niň ahyr­la­ryn­da ýa­zan has kä­mil goş­gu­la­ryn­da özü­ne göw­nü­ýe­ti­ji­li­gem bar:
Herhal, ýolda ýa­tan daş däl eke­nim,
Ar­tyk däl eke­nim ýe­riň ýü­zün­de.
* * *
Men özü­mi aýa­ma­dym hiç ýer­de,
Özü­mi bagş et­dim öz­ge­ler üçin.
Ol deg­şip-gü­lüş­me­gi bi­çak go­wy gör­ýär­di, gül­kü­li wa­ka­la­ry he­zil edip gür­rüň be­rer­di. Öý­ke­li-ki­ne­li gür­rüň­le­ri hiç ma­hal di­li­ne al­maz­dy. Dö­re­di­ji­lik ba­dat­da we­lin, bi­çak dog­ru­çyl, gö­nü­mel adam­dy. Ede­bi­ýat dün­ýä­sin­de beý­le adam­la­ryň ýa­şap ýör­me­gi dö­re­di­ji­lik ho­ja­ly­gy­nyň aras­sa­ly­gy, ze­hi­niň mer­te­be­si­niň sak­la­nyl­ma­gy, kä­bir köp­ze­hin­le­ri, çe­me­çil­le­ri öz or­nun­da oturt­mak üçin ju­da der­wa­ýys­dy.
* * *
Gur­ban­na­zar Ezi­zow 1964­-nji ýyl­da ýo­ka­ry oku­wy ta­mam­lan­da, eý­ýäm ady­gan, şol döw­rüň meş­hur ede­bi­ýat­çy alym­la­ry Öde Ab­dyl­la­ýew, Ab­dyl­la My­ra­dow, Saý­law My­ra­dow, Dur­du­mu­ham­met Nu­ra­ly­ýew da­gy­dan, mu­gal­lym­la­ry Ru­hy Aly­ýew­den, Han­gu­ly Taň­ry­ber­di­ýew­den, Ha­lyl Ku­ly­ýew­den my­na­syp ba­ha alan şa­hyr­dy. Ol oku­wy ta­mam­lap, şol dö­wür­de ne­şir edil­ýän “My­dam taý­ýar” ça­ga­lar ga­ze­ti­ne işe ýer­leş­di.
Az sa­lym­da­nam ol şol döw­rüň ta­lap­la­ry­na gö­rä, bir ýyl­lyk har­by gul­lu­ga alyn­dy. Gul­lu­gy ta­mam­lan Gur­ban­na­za­ry “Ede­bi­ýat we sun­gat” ga­ze­ti­niň ta­ry­hyn­da uly meş­hur­lyk ga­za­nan baş re­dak­tor Baý­ram Wel­my­ra­dow ga­ze­tiň şyg­ry­ýet bö­lü­mi­ne işe ça­gyr­dy. Bu ýag­daý Gur­ban­na­za­ry ede­bi be­lent­lik­le­re ha­sam ga­nat­lan­dyr­dy. Onuň tä­ze, tä­sin bir rö­wüş­de ýa­zy­lan, pi­kir ýü­ki kem­siz ýe­tik goş­gu­la­ry ga­zet­-žur­nal­la­ryň sa­hy­pa­la­ryn­da hä­li-­şin­di peý­da bo­lup baş­la­dy. Şol dö­wür­de ol goş­gy ýaz­mak bi­len şeý­le bir gi­diş­di we­lin, ýö­räp bar­ýar­ka-da goş­gy bi­len müb­te­la ýa­ly­dy. Ara­kes­me ma­ha­lyn­da­-da öza­ra gür­rüň­çi­lik goş­gy, ede­bi­ýat ha­kyn­da bol­ma­sa, tu­rar ötä­gi­der­di. In­di gö­rüp otur­sak, is­len­dik iş­de özü­ňi yk­rar et­dir­mek üçin şeýt­me­lem eken.
Ede­bi­ýat­çy­lar şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň pä­him­-paý­has, tä­ze-­ter­lik, dur­mu­şy­lyk… de­re­je­le­ri­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny, mu­nu­ňam tä­ze bir ede­bi tä­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­ny dog­ry bel­le­se­le­rem, onuň rif­ma bi­len aşa meş­gul­lan­ýa­n-dygyny tan­kyt ed­ýär­di­ler.
Gur­ban­na­zar ma­ka­la­la­ryn­da, ede­bi­ýa­t me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ýyg­nak­lar­da­ky ag­şam­lar­da­ky çy­kyş­la­ryn­da adam­zat paý­ha­sy­nyň gün-­gün­den ar­typ bar­ýan­dy­gy­ny, ga­dym­dan ula­ny­lyp ge­lin­ýän dört­le­me, ga­zal ýa­ly ede­bi for­ma­la­ryň, aý­ra­ty­nam, ka­py­ýa­nyň pi­ki­ri has be­lent de­re­je­de aýt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­me­ýän­di­gi­ni, rif­ma­nyň edil teh­ni­ki ylym­lar­da tä­ze­lik­le­riň göz­le­ni­şi he­mem ta­py­ly­şy ýa­ly, ede­bi be­ýan ediş tär­ler­de­de tä­ze­lik­le­riň göz­le­me­li­di­gi­ni tek­rar­la­ýar­dy.
* * *
Şeý­le­lik­de, Gur­ban­na­zar bi­ziň po­ýe­zi­ýa­myz­da tä­ze göz­leg­le­riň baş­la­nan ma­ha­ly ede­bi­ýa­ta gel­di. Guý­ma­gur­sak ze­hin­le­riň äh­li­sin­de bol­şy ýa­ly, onuň il­kin­ji ädim­le­ri­-de bir hi­li şow­lu­lyk, tä­sin­lik, tä­ze­lik bo­lup ýaň­lan­dy. Ti­za­ra guý­ma­gur­sak şa­hy­ryň bu tä­sin göz­leg­le­ri has çuň ma­ny­ly, fi­lo­so­fi­k pi­kir­li, tä­ze çe­per­çi­lik­li goş­gu­la­ryň dö­re­me­gi­ne ge­tir­di.
Ol tu­ruw­baş­dan şa­hyr­lyk yk­ba­ly çü­wen adam­dy. Onuň gün­de­lik ga­zet-­žur­nal­lar­da­ky çap edil­ýän goş­gu­la­ry­nyň de­re­je­si uzak wagt­lap ýa­pyk zal­lar­da dy­nuw­syz tür­gen­le­şik ge­çip, ýa­ry­şa çy­kan tür­ge­niň bir­ba­da meş­hur­lyk ga­za­ny­şy ýa­ly­dy. Ol he­niz ta­lyp­ka Ga­ra Se­ýit­li­ýew, Ke­rim Gur­ban­ne­pe­sow, Mäm­met Se­ýi­dow ýa­ly meş­hur şa­hyr­lar bi­len hä­li­-şin­di söh­bet­deş bo­lup baş­la­dy. Gur­ban­na­zar­da ag­la­ba dö­re­di­ji­lik adam­yn­da bo­la­ýan dö­re­di­ji­lik eg­ni­gy­syk­ly­gy ýok­dy. Ol özü­ne bi­çak ynam­ly­dy, ba­tyr­gaý­dy, tö­wek­gel­di.
Her bir dö­re­di­ji­lik adam­y­na aşa öte­geç­mez­li­giň, öwün­mez­li­giň, gop­bam bol­maz­ly­gyň çäk­le­rin­de öz-­özü­ne göw­nü­ýe­ti­ji­li­gem ge­rek­dir. Üns be­riň! Gur­ban­na­za­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de ýe­ke­je-­de nä­gi­le, zeý­renç se­tir­ler ýok­dur, bo­laý­sa­-da, ga­ty mert hem be­lent hy­juw bi­len aý­dy­lan­dyr. Öz dur­mu­şyn­dan ra­zy se­tir­ler we­lin, nä­çe diý­seň bar­dyr. Bu ýag­daý üns be­re­ni­ňe ju­da deg­ýän delildir.
Şeý­le ajap bol­dy me­niň kys­ma­tym,
Şyg­ry­ýet ilin­de gel­dim jo­şa men.
* * *
Ra­zy – joş­dum top­ra­gy­myň to­ýun­da.
Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.
* * *
My­dam söý­di me­ni de­ňi-duş­la­rym,
Şeý­le ajap bol­dy me­niň kys­ma­tym.
* * *
Sag­lyk ber­diň, duý­gy ber­diň köň­lü­me,
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline.
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,
Iň soňunda galam berdiň elime.
* * *
Dog­ry, kä­te azar ber­ýär ýü­re­gim,
Oňam baş­ga zat­dan bol­ma­gy müm­kin.
Şeý­le se­tir­le­riň ýe­ne-­de ýüz­ler­çe­si­ni ge­tir­mek müm­kin. Gör­ýä­ňiz­mi, di­ňe sag­dyn ruh, pä­him­-paý­has­ly, be­lent mak­sat­ly, oky­jy­ny ga­nat­lan­dyr­ýan eser­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik aç­ýar eke­ni. Şa­hy­ryň her bir goş­gu­syn­da aý­ra­tyn hy­ju­wy, ru­hy ýo­ka­ry gö­te­ri­li­şi, şa­dy­ýan keý­pi aň­mak bol­ýar.
Gur­ban­na­zar Ezi­zow me­ge­rem, türk­men şa­hyr­la­ry­nyň için­de ada­myň kal­by­na, onuň gün­de­lik ru­hy ah­wa­lat­la­ry­na iň go­laý ge­len şa­hyr­dyr. Ol go­ja hak­da, ene, Wa­tan, dost, ha­ly­pa, maş­ga­la, ogul­-gy­zyň borç­la­ry hak­da ýa­zan­da­-ha ada­myň gün­de­lik oý­-pi­kir­le­ri­ne, ha­jat­la­ry­na ju­da iç­gin ara­laş­ma­gy us­sat­lyk bi­len ba­şa­ran şa­hyr­dyr. Ýaş­ly­gyn­da 1975-nji ýy­lyň 29-njy sent­ýabr gü­ni dö­re­di­ji­lik sa­pa­ryn­dan gaý­dyp gel­ýär­kä pa­jy­ga­ly ýag­daý­da, otuz bäş ýa­şyn­da ara­dan çy­kan Gur­ban­na­zar öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ryn­da hem­me­ler ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len us­sat şa­hyr­dy.
Mer­da­na hal­ky­myz nus­ga­wy, mer­te­be­li şah­sy­ýet­le­ri­ne he­mi­şe uly hor­mat goý­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wa “Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy” di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len gö­zel paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zin­de dö­re­di­len “Yl­ham” se­ýil­gä­hin­de Gur­ban­na­za­ryň be­lent baş­ly heý­ke­li hem di­ri­lik­dä­ki ha­ly­pa­la­ry Ga­ra Se­ýit­li­ýe­wiň, Ke­rim Gur­ban­ne­pe­so­wyň, Mäm­met Se­ýi­do­wyň… nu­ra­na keşp­le­ri bi­len uzyn ha­ta­ry be­zäp otyr.
* * *
Dö­re­di­ji­lik­de öç­me­jek yz go­ýan be­lent şah­sy­ýet­le­riň he­niz aýat­da­ka­lar öz be­lent de­re­je­le­ri­ni ma­gat bi­len­dik­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Bu aý­da­ny­my­za ola­ryň bi­ze mi­ras gal­dy­ran tä­sin goş­gu­la­ry, bent­le­ri, se­tir­le­ri anyk şa­ýat­lyk ed­ýär.
Köň­lüm­ge ge­len na­gyş­lar, ger göz­ge peý­da bol­sa­dy,
Düş­se gö­zi na­dan­la­ryň, kä­mil bo­lup, mer­dan çy­kar.
Hiç aň­la­maý zi­bu-ze­ber, ger tap­sa jez­wäm­den eser,
Elip­den, bi­den bi­ha­bar her dem­de bir Ku­ran çy­kar.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
* * *
Ny­za­my, sen hak söz üçin dö­räp­siň,
As­lyň ha­ky­kat­çy – şon­dan ýö­räp­siň,
Söz­ler ýa­şap, dö­ret­se­ler şöh­ra­ty,
On­da ba­ky ýa­şar Ny­za­myň ady.
Ny­za­my Gen­je­wi.
* * *
El­den gel­mez ýa­dy­gär­lik
gu­run­dym men özü­me,
Oňa bar­ýan ýo­da­ga
ömür bit­mez ot in­di.
Alek­sandr Puş­kin.
* * *
GOŞ­GU­LA­RY­MA
Dün­ýä­de Türk­me­nis­tan
Di­ýil­ýän ilim bar­ka.
Iler­de Kö­pet­da­gym,
Gaý­ra­da çö­lüm bar­ka,
(Her haý­syn­da bir­je düýp,
Ar­ça ýa se­lin bar­ka)
Bir çüm­mük söý­gi bar­ka,
Bir zer­re bi­lim bar­ka.
Dag ys­ly, säh­ra ys­ly,
Gül ys­ly di­lim bar­ka –
Siz bi­ar­zy bol­mar­sy­ňyz.
Ke­rim Gur­ban­ne­pe­sow.
* * *
Gur­ban­na­za­ryň ýe­di­si ge­çen­den soň, Türk­me­nis­tan Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­niň bi­na­syn­da­ky iş sto­lu­nyň çe­ke­rin­den ta­py­lan (diý­mek, iň soň­ky-H.D.) “Ser­paý” goş­gu­sy­nyň ahyr­ky ben­din­de hut özü­ni­ňem aý­dy­şy ýa­ly, bi­ze hiç ma­hal gym­ma­ty­ny ýi­tir­me­jek goş­gu­lar­dan uly paý go­ýup gi­den­di­gi­ni özi aý­dyp­dyr:
Sö­ýüň me­ni – Si­ziň sa­dyk gu­lu­ňyz,
Soň­ra men­den si­ze ga­lar şeý­le paý.
Men si­ze ba­ha­syz ser­paý ede­rin –
Şa­la­ryň elin­den gel­me­jek ser­paý.
* * *
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mer­da­na hal­ky­my­za ba­gyş eden Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Gö­zel Şa­gu­ly­ýe­wa, ha­ly­pa ýa­zy­jy­lar Baý­ram Jüt­di­ýew, Ata­jan Ta­gan, Ata­my­rat Ata­ba­ýew, No­bat­gu­ly Re­je­bow, So­na Ýa­zo­wa, Gow­şut­gel­di Da­ňa­ta­row, Aga­gel­di Al­la­na­za­row, Kö­mek Ku­ly­ýew, Gurbannazar Orazgulyýew, Ah­met Hal­my­ra­dow… da­gy bi­len bir ha­tar­da Ka­ka­my­rat Re­je­bow, En­wer Ny­za­mow, Se­ýit­my­rat Gel­di­ýew, Ogul­täç Oraz­ta­ga­no­wa, Leý­li Gur­ba­no­wa, Gül­şi­rin Ha­no­wa, Aý­gül Ga­ra­ýe­wa… ýa­ly ýaş ze­hin­le­riň çe­per dö­re­di­ji­lik bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyp, ata Wa­ta­ny­my­zy, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­mak ba­bat­da bi­tir­ýän be­lent iş­le­ri­ni wasp edip ýö­ren­dik­le­ri diý­seň be­genç­li ha­dy­sa­dyr.
Biz Türk­me­nis­ta­nyň äh­li me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gär­le­ri­ne, us­sat ha­ly­pa­la­ry­my­za, ze­hin­li ýaş­la­ry­my­za öz dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny do­ly aç­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip be­ren mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur hoşallyk bil­dir­ýä­ris!
Goý, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Mer­da­na hal­ky­my­zy bo­le­lin dur­muş­da ýa­şat­mak, eziz Di­ýa­ry­my­zy äh­li ösüş­ler ba­bat­da dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­mak ba­ra­da­ky ne­ti­je­li iş­le­ri he­mi­şe uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!