Global ýel energiýasy geňeşi (GWEC) ýel energiýasy barada täze maglumat taýýarlady. Maglumatda ýel energiýasynyň uly ykdysadyýetlerde energiýanyň arassa çeşmelerine geçişde uly orun eýeleýändigi bellenildi. Hytaý geçen ýyl umumy önümçilik kuwwaty 120 gigawat bolan täze ýel beketlerini işe girizipdir. Şeýlelikde, ýurtda ýelden energiýa alýan desgalaryň önümçilik kuwwaty 640 gigawatdan geçipdir. Hindistanda täze gurlan ýel beketleriniň önümçilik kuwwaty 6,3 gigawata ýetipdir. Germaniýada gury ýerde we deňizde gurlan ýel beketleriniň önümçilik kuwwaty 5,7 gigawata, Braziliýada 2,3 gigawata deň bolupdyr.
Global derejede geçen ýyl önümçilik kuwwaty jemi 165 gigawat bolan täze desgalar işe girizilipdir. Netijede, ýel energiýasynyň önümçilik kuwwaty dünýäde 1299 gigawata ýetipdir.
Süleýman Hadyrow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









