Hytaýda adamsypat robotlaryň nobatdaky ýaryşy geçirildi. Ýurduň paýtagty Pekinde ikinji gezek geçirilen ýarym marafonda adamlar bilen bir ýodada robotlar hem ýaryşdy. Sport bilen tehnologiýanyň duşuşan täsin ýaryşynda robotlaryň arasynda täze rekord hasaba alyndy. «Pekin E-şäher ýarym marafony we adamsypat robot ýarym marafony» diýlip atlandyrylan sport çäresinde 21,1 kilometr aralykda geçirilen ýaryşda robotlar adamyň şol bir aralykda rekordyny täzeledi. Mobil enjamlary öndürýän «Honor» brendiniň işläp taýýarlan roboty bu aralygy 50 minut 26 sekuntda geçmegi başardy. Şol modele degişli ýene iki robot degişlilikde, 50 minut 56 sekuntda hem-de 53 minut 1 sekuntda pellehana gelmegi başardy. Her bir roboty gerek bolan halatynda uzakdan dolandyrýan hünärmenler bar.
Ýarym marafon boýunça dünýä rekordy häzirki wagtda erkekleriň arasynda ugandaly Ýakob Kiplimo degişli bolup, ol şu ýylyň mart aýynda Lissabonda geçirilen ýaryşda bu aralygy 57 minut 20 sekuntda geçipdi. Bu ugurda zenanlaryň arasyndaky rekord 2021-nji ýylda hasaba alnypdy. Efiopiýaly Letesenbet Gideý Walensiýada geçirilen ýaryşda bu aralygy 1 sagat 2 minut 52 sekuntda geçipdi.
Pekinde geçirilen ýaryşda adamlar bilen robotlar arasyna metal germew çekilen şol bir ýodada ylgadylar. Robotlary işläp taýýarlamaga tehnologiýa kompaniýalary, uniwersitetler, ylmy-barlag institutlary, robot ýasamak bilen meşgullanýan höwesjeň klublar gatnaşýar. Ýaryşa jemi 105 robot gatnaşdy.
Geçen ýyl ilkinji gezek geçirilen ýaryşda
«Tiangong Ultra» atly robot ýarym marafony 2 sagat 40 minut 42 sekuntda geçipdi.
Gurbanmämmet AMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.
PDF









