Emeli aň gözegçilikden çykyp, özbaşdak hereket etmäge başlar. Oňa ulanyjylar tarapyndan ynam günsaýyn artýar, adamlar şeýle ulgamlara gündelik maslahatlar bilen, mysal üçin, agşam şamyndan başlap, haýsy filmlere tomaşa etmelidigi barada ýygy-ýygydan ýüz tutýarlar.
Bu barada Portugaliýadan Faktçeking boýunça halkara assosiasiýasynyň hünärmeni Aleksandr Gerreýro TASS habarlar gullugyna gürrüň berdi.
Hünärmen şeýle ýagdaýyň tehnologiýalaryň gündelik çözgütlere täsirini güýçlendirýändigini aýtdy. Şonuň üçin emeli aňa ýeterlik gözegçilik edilmese, onuň hakykaty ýoýmagy hem-de ulanyjylary azaşdyrmagy mümkin diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
PDF









