ABŞ-nyň Döwlet departamenti ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli çäkli mukdarda ýörite pasportlary taýýarlamaga başlandygyny mälim etdi. Ilkinji gezek bu resminamalarda häzirki Prezidentiň şekili bolar. Donald Tramp resminamada heniz özi diri wagty ýerleşdirilen ilkinji amerikan lideri bolar. Bu barada “The Associated Press” agentligi habar berdi.
Ýörite pasporty döretmek baradaky pikir birnäçe aýlap maslahatlaşyldy we 27-nji aprel agşamy tassyklandy. Pasportlaryň sany 25 müňden 30 müň nusga çenli bolar. Bu pasportlar 4-nji iýuldan başlap, Waşingtonyň pasport edarasyna diňe özi gelip ýüz tutýan dalaşgärler üçin elýeterli bolar. Adaty pasport üçin ýüz tutmak isleýänler bolsa, ony onlaýn arkaly ýa-da beýleki edaralarda amala aşyryp bilerler.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Tommi Pigott bu tapgyryň özboluşly dizaýna eýe boljakdygyny, şol bir wagtyň özünde ähli adaty howpsuzlyk funksiýalarynyň saklanyp galjakdygyny aýtdy. Pasportyň içki tarapynda Prezidentiň portreti altyn reňkli goluň ýokarsynda ýerleşdiriler, daşynda bolsa uly altyn harplar bilen ýurduň ady we “Pasport” sözi ýazylar. Arka tarapynda bolsa altyn çaýylan amerikan baýdagynyň şekili we “250” sany bolar.
“Associated Press” agentliginiň belleýşi ýaly, häzirki zaman amerikan pasportlarynda, eýýäm, Jorj Waşingtonyň, Tomas Jefersonyň, Teodor Ruzweltiň we Awraam Linkolnyň suratlary, şeýle hem Azatlyk heýkeli, Azatlyk jaňy we Garaşsyzlyk zaly ýaly simwoliki binalar şekillendirilendir.
Mart aýynda ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Garaşsyzlygyň 250 ýyllygy mynasybetli Donald Trampyň goluny dollarlyk banknotlaryň üstünde ýerleşdirmek meýilnamasyny yglan edipdi.