Ýaz paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmaly. Ýanyňyzda elmydama başgap, açyk reňkli nah matadan bolan ýaglyk we saýawan bolmaly.
Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Witaminlere hem-de mikroelementlere baý ter gök önümleridir miweleri iýmeli. Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerini, şeýle hem kömelek we beýleki gök önümleri iýeniňizde bildirilýän arassaçylyk talaplaryny dogry berjaý etmeli. Olary söwda merkezlerinden satyn almaly hem-de öý şertlerinde talabalaýyk, belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamaly we ulanmaly.
Howanyň yssy günlerinde şöhlat önümlerini, kakadylan önümleri köp iýmekden saklanmaly. Işdäaçarlar taýýarlanylanda maýoneziň ýerine ösümlik ýagyny ulanmak peýdalydyr.
Ýaz paslynda dürli mör-möjekleriň tebigatda janlanýandygyny nazara alyp, olaryň çakmagyndan goranmaly.
Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp öz wagtynda almaly.
Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasyny baglanyşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýylda bir gezek ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda öz saglygyňyzy berkitmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
PDF









