Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi howa menzili (JFK) bilen Manhetteniň aralygynda howa taksisiniň ilkinji synag uçuşy amala aşyryldy. «Joby Aviation» kompaniýasynyň uçýan elektroulagy gury ýer arkaly 1 sagatdan gowrak wagtda geçilýän aralygy 7-10 minutda geçmäge mümkinçilik berýär. Synag uçuşlary 10 gün dowam eder. Uçýan taksi jemi 5 orunlyk (1 pilot,
4 ýolagçy) bolup, dikligine uçup hem gonup bilýär. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýändigi sebäpli batly ses çykarmaýar. Taslamanyň esasy maksady Manhettendäki dikuçar portlaryny ulanmak arkaly ulag dyknyşygyny azaltmakdan ybarat.
Ezizhan BEREKETOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









