Alym­la­ryň köp wagt­dan bä­ri «Ary­lar sanamagy başarýarmy ýa-da di­ňe şe­kil­le­ri ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýär­mi?» di­ýen so­wa­ly­nyň jo­ga­by ta­pyl­dy. Ary­la­ryň ha­sap-he­si­be nä­de­re­je­de ök­de­di­gi köp ýyl bä­ri bio­log­la­ryň ün­sü­ni çe­kip gel­ýärdi.
Ita­li­ýa­da­ky Tren­to uni­wer­si­te­tin­den new­ro­log Mir­ko Za­no­nyň hem-de Awst­ra­li­ýa­da­ky Mo­naş uni­wer­si­te­tin­den zoo­log Skar­lett Ho­war­dyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry bu ugur­da tä­ze yl­my işi ta­mam­la­dy­. Bi­ler­men­ler ary­la­ryň ukyp­la­ry­ny ada­myň ga­raý­şy bi­len däl-de, ola­ryň öz gö­zi bi­len sel­jer­di­ler. Mun­dan ozal­ky bar­lag­lar­da bu jan­dar­la­ra ýü­zü­ne san ýa-da şe­kil ýa­zy­lan kart­la­ry gör­kez­mek ar­ka­ly sa­na­mak öw­re­di­lip­di. Şeý­le usulda ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da ary­lar 75-80% ne­ti­je gör­ke­zip­di­ler. Kä­bir alym­lar ary­nyň gö­zü­niň saý­ga­ry­şy­nyň ada­myň­ky­dan pes­di­gi­ne ün­si çe­kip, ozal­ky bar­lag­lar­da ary­la­ryň has uly bo­lup gö­rün­ýän san­la­ry saý­lan bol­mak­la­ry­nyň müm­kin­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Tä­ze bar­lag­da bu ýag­daý­lar göz öňün­de tu­tu­lyp, gaý­ta­dan sel­je­riş işi ge­çi­ril­di. Ne­ti­je­de, has çyl­şy­rym­ly bo­lup gö­rün­ýän şe­kil­le­riň ary­nyň gö­zi bi­len se­re­di­len­de, go­wy saý­ga­ryl­ma­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu ýag­daý ary­la­ryň san sa­nap, ýag­ny bir za­dyň muk­da­ry­ny ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Yl­my işiň ne­ti­je­le­ri «Procee­dings of the Royal Society B» žur­na­lyn­da çap edil­di.

Aýnur Çunguşowa,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň Berkarar şäherçe şahamçasynyň kitaphanaçysy.