ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp NASA-nyň 2029-njy ýyla çenli astronawtlary Aýa ibermäge gowy mümkinçiliginiň bardygyny mälim etdi.
Ol bu barada «Artemis II» missiýasynyň amala aşmagyna goşant goşan dört astronawt üçin Ak Tamda guralan resmi kabul edişlik wagtynda aýtdy. Kabul edişlik göni ýaýlymda görkezildi. «Artemis II» Aý missiýasynyň agzalary Rid Waýzman, Jeremi Hansen, Kristina Koh we Wiktor Glower aprel aýynyň başynda Aýyň daşyndan taryhy aýlawy amala aşyrdylar. Olar älem giňişliginde ynsan oglunyň ozal hiç wagt baryp görmedik aralygyna çenli uçup, Ýere aman-esen dolanyp geldiler. Bu soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Aýa amala aşyrylan ilkinji dolandyrylýan uçuş boldy.
«Şeýle ynsanlar biziň ýurdumyzy täzeden beýik edýärler. Biz bu adamlara örän buýsanýarys, olarda haýran galdyryjy batyrgaýlyk bar» diýip, Tramp Ak Tamda kosmonawtlara ýüzlenip aýtdy.
Habarçynyň kosmonawtlaryň Donald Trampyň Prezidentlik möhletiniň ahyryna çenli Aýa gonmak mümkinçiligi baradaky soragyna, ABŞ-nyň Prezidenti munuň örän ähtimaldygyny aýtdy. «Artemis II» missiýasy 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Kennedi adyndaky kosmodromdan «Space Launch System» göteriji raketasynyň kömegi bilen amala aşyryldy. Bu «Orion» kosmos gämisiniň ilkinji dolandyrylýan uçuşy we «Apollo» maksatnamasyndan bäri ynsanyň uzak kosmosa ilkinji uçuşy boldy.
6-njy aprelde kosmos gämisi Aýyň daşyndan aýlanyp, Ýerden 400 müň kilometrden gowrak aralyga çenli uzaklaşdy. Soňra kosmos gämisi Ýere dolanmak üçin goşmaça dwigatelleri işletmegi talap etmeýän erkin dolanyş traýektoriýasyna gadam basdy.
Missiýanyň dowamynda ekipaž ýaşaýyş üpjünçilik, nawigasiýa we kosmos gämisini dolandyryş ulgamlaryny synagdan geçirdi, şeýle hem Ýerden uzak aralykdaky aragatnaşygy barlady. Bu uçuş geljekki ekspedisiýalar üçin kapsulanyň ýylylyk goragynyň möhüm synagy boldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2028-nji ýyla çenli Aýa adamy gondurmak meýilnamasyny yglan etdi. Emma bilermenler «SpaceX» we «Blue Origin» kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülýän Aýa gonduryjy modullaryň wagtynda taýýar boljagyna şübhelenýärler.