«Za­man-Türk­me­nis­ta­nyň» ar­hi­win­den

Re­dak­si­ýa­dan:
Agyn bol­ma­sa, ga­zet-žur­nal iş­gär­le­ri­niň­dir žur­na­list­le­riň ara­syn­da «Ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da ta­ryh ýa­şa­ýar» di­ýi­läý­me­si bar. Bu jüm­lä­niň nä­de­re­je­de ha­ky­kat­dy­gy­na
«Za­man-Türk­me­nis­ta­nyň» ge­çen ýyl­lar­da çap edi­len san­la­ry­na göz gez­di­re­niň­de, has-da ma­gat göz ýe­tir­ýär­siň. Tä­sin ýe­ri, olar­da be­ýan edi­len oý-pi­kir­le­riň he­mi­şe te­reň­li­gi­ni sak­lap gal­ýan­dy­gy­dyr.
Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň sa­hy­pa­la­ryn­da çap edi­lip, öz döw­rün­de oky­jy­la­ryň gyz­gyn ses­len­me­si­ni ga­za­nan kä­bir ma­ka­la­la­ry tä­ze rub­ri­ka as­tyn­da çap et­me­gi ma­kul bil­dik.

Şu ýer­de gür­rü­ňi edi­len wa­ka­la­ryň her­si­niň üs­tün­den tas 25 ýy­la go­laý wagt ge­çip­dir.

SAG­LYK
Bir ge­zek kyrk ýa­şy­ny te­ge­läp ýö­ren Rah­man at­ly da­ýaw py­ýa­da meş­hur luk­man Ça­ry Baý­ry­ýe­wiň ýa­ny­na ba­ryp, aş­ga­za­ny­nyň agyr­ýan­ly­gyn­dan, iş­dä­si­niň ýok­lu­gyn­dan, uku­sy­nyň kem­li­gin­den zeý­re­nip­dir. Onuň aş­ga­za­ny­ny, ýü­re­gi­ni, ödü­ni, ga­raz, «agyr­ýar» di­ýen ýer­le­ri­ni iki gün­läp iş edi­nip bar­lap­dyr­lar. Ýöne howp­ly zat ýok eken.
Soň­ra meş­hur luk­man bi­len «syr­ka­wyň» ara­syn­da şeý­le söh­bet­deş­lik bo­lup­dyr. «Ir­den tu­rup, on-ýig­ri­mi mi­nut maşk da­gy ed­ýäň­mi? Ag­şa­ma­ra, ukyň öň ýa­nyn­da ge­ze­lenç ed­ýäň­mi?». «Ýok». Ça­ry aga oňa soň­ky so­wa­ly­ny be­rip­dir: «Bir ýyl­da 365 gün, 12 aý, 52 hep­de bar. Her hep­de­de 7 gün, her gün­de 24 sa­gat bar. Şun­ça wag­tyň do­wa­myn­da sen sa­gat bol­ma­gyň üçin nä­me ed­ýäň?!». «Syr­kaw» ah­myr bi­len ba­şy­ny ýaý­kap­dyr. Ça­ry aga oňa şeý­le di­ýip­dir: «Se­niň özüň özü­ňe ýa­gy. Sa­ňa luk­ma­nyň, dä­ri-der­ma­nyň ne­pi deg­mez. Bar, ötä­git!».
Rah­man şon­dan bir aý ge­çip-geç­män­kä her gün ir­den bir sa­gat yl­gap, ýat­ma­zy­nyň öň ýa­nam şon­ça wagt ge­ze­lenç edip baş­lap­dyr. Hä­zir onuň ýa­şy 80-iň onun­da. Şol yl­gap ýör­şi. Şol ýyl­la­ry ýat­lan­da: «Ma­ňa sag­dyn ömür be­ren owal-a Al­la­ta­ga­la, soň­ra-da Ça­ry agam­dyr, iman­ly bol­sun ben­de» di­ýip, al­kyş oka­ýar.

BAÝ­LYK
Bir ge­zek Ýy­lan­ly et­ra­by­nyň (hä­zir­ki Ga­raş­syz­lyk) Sa­pyş Çer­ke­zow adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň (şol ma­hal­lar­ky «Mosk­wa» kol­ho­zy­nyň) baş­ly­gy Sa­pyş aga Aş­ga­ba­da ýyg­na­ga ge­len­de, oba­da­şy, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­rin­de mu­gal­lym bo­lup iş­le­ýän Hal­mäm­mediň öýünde myh­man­çy­lyk­da bo­lup­dyr. Ýe­ri ge­len­de ýat­lat­sak, Sa­pyş aga 50 ýyl gow­rak wagt baş­lyk bo­lan adam­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen at hem ber­lip­di.
Söh­bet­deş­lik­de Hal­mäm­met 9 gat­ly ja­ýyň 7-nji ga­tyn­da ýa­şa­ýan­dy­gy­ny, 7 ça­ga­sy­ny­ňam, tü­we­le­me, ýe­ti­şip gel­ýän­di­gi­ni, ola­ry öý­li-işik­li et­me­gi­ňem uly ala­da goý­ýa­ndygy­ny… ja­ny­ny ýa­kyp, gür­rüň be­rip­dir. Şon­da Sa­pyş aga özü­niň şol wagt­ky ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kol­ho­zy­nyň Was düz­lü­gin­den tä­ze ýer­le­ri açyp baş­lan­dy­gy­ny, oňa şu wagt­ky işin­den çykyp, oba bar­sa, 5-6 gek­tar ýer al­ma­ga, ony be­je­rip, ekip ber­mä­ge ýar­dam et­je­gi­ni aý­dyp­dyr. Ýa­rym gün og­lan oka­dyp, ga­lan wag­tam paý­tag­tyň aras­sa kö­çe­le­rin­de ýa­ka­ňa pi­tik­läp, köw-söw edip ýör­mek­den jü­biň gal­ňa­ma­ja­gy­nam gow­ja dü­şün­di­rip­dir. Hä­zir Hal­mäm­met Was­da uly mülk­dar.
Ça­ga­la­ry­nyň äh­li­sem, tü­we­le­me, öý­li-işik­li, bi­lim­li, hü­när­li adam­lar. Her­si­niň işi­gin­de da­şa­ry ýurt ulagy ýal­pyl­dap dur. Ol kä­te­ler tä­ze­je ulagy­nyň ru­lun­da özi otu­ryp, yzy­na-da gyş ga­wu­nyn­dan, aw etin­den, ýa­ňy soý­lan çeb­şiň etin­den, kün­ji ýag­dan… mas ýük­läp, Aş­ga­ba­da – ça­ga­la­ry­nyň­ka, dost-ýar­la­ry­nyň­ka ge­ze­len­je gel­ýär. Iküç gün ge­çip-geç­män­kä-de, «Was­da ça­ly-çer­kez­le­riň, ýyl­gyn­la­ryň müň­bir dür­li ysy­ny alyp dur­ma­sam, ýü­rek ka­rar ta­pa­nok» di­ýi­bem yzy­na gyp ba­saý­ýar.

MER­TE­BE
Bir gün Ke­rim Gur­ban­ne­pe­sow re­dak­si­ýa­la­ryň bi­ri­ne sa­la­ma ge­len­de, Bä­gül at­ly ýaş ge­lin uly ha­ly­pa goş­gu­la­ry­ny okap be­rip­dir.
Şol dö­wür­de ol ins­ti­tu­ty ta­mam­lap, mek­dep­de mu­gal­lym bo­lup iş­le­ýän eken. Ke­rim ha­ly­pa oňa goş­gu­la­ry­nyň he­niz gow­şak­dy­gy­ny, şa­hyr bol­mak üçin Aza­dy­dyr Mag­tym­gu­lu­dan baş­lap, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň eser­le­ri­ni en­çe­me ge­zek okap çyk­ma­ly­dy­gy­ny, her gü­nem ga­la­my­ny elin­den dü­şür­män iş­le­me­li­di­gi­ni aý­dyp­dyr.
Bä­gül Ke­rim ha­ly­pa mek­dep­de işi­niň köp­dü­gi­ni, ag­za­lan uly şa­hyr­la­ryň tom­luk­la­ry­ny edin­mä­ge-de ga­ty kän pul ge­rek bol­ja­gy­ny, aýal maş­ga­la üçin öýüň hy­syr­dy­la­ry­ny­ňam az däl­di­gi­ni ýaň­zy­dyp­dyr. Baş­ga bi­ri bo­lan bol­sa, «Wah, jan ji­gi, beý­le bol­sa, goş­gy ýaz­mak se­niň bor­ju­ňa gi­re­nog-a» di­ýer­di we­lin, Ke­rim ha­ly­pa şeý­le sy­pa­ýy adam­dy-da! 0l şa­hyr gel­ne: «Sen aý­lyk-gün­lü­gi­ni az­rak gör­me­seň, hä­zir­ki işi­ňden çyk-da, ki­tap­ha­na işe gir. Ol ýer­de sa­ňa Mag­tym­gu­ly, No­wa­ýy, Fer­döw­si, Puş­kin, Ler­mon­tow, Baý­ron, Gýo­te, Tols­toý, Ker­ba­ba­ýew… ýa­ly ägirt­ler ha­ly­pa­lyk eder. Şon­da ýa­zy­jy-şa­hyr­ly­gyň nä­me­di­gi­ne gow­ja göz ýe­ti­rer­siň. Ýa-ha hä­zir­kiň­den gow­rak ýa­zar­syň, ýa-da ýaz­ma­ňy ymyk­ly­ja goý­ma­ly­dy­gy­ňa akyl ýe­ti­rer­siň» di­ýip­dir. Ara­dan bir hep­de ge­çip-geç­män­kä Bä­gül ki­tap­ha­na işe gi­rip­dir.
Hä­zir Bä­gü­li äh­li oky­jy­lar di­ýen ýa­ly ta­na­ýar. Goş­gam ýaz­ýar, kys­sa-da. Ga­zet-žur­nal­lar­da her hep­de­de, aý­da onuň on­lar­ça ma­ka­la­sy, goş­gu­lar top­lu­my çap edi­lip dur. Gün­do­gar, Ýew­ro­pa, umu­man, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­ny, ta­ry­hy, pel­se­pä­ni go­wy bil­ýär. Ga­la­my­ny ez­ber iş­let­me­gi ba­şar­ýar. Ede­bi bäs­le­şik­ler­de en­çe­me ge­zek baý­rak al­dy. Goş­gu­la­ry­ny, kys­sa eser­le­ri­ni, ter­ji­me­le­ri­ni, gy­zyk­ly ma­ka­la­la­ry­ny çap et­me­li bol­sa, azyn­dan 10-15 tom­luk ki­tap bol­jak.
Şun­ça ýyl­la­ryň do­wa­myn­da re­dak­si­ýa­la­ryň kö­pü­si Bä­gü­le iş hö­dür­läp gör­di. Ýöne ol he­ni­zem şol öň­kü­je ki­tap­ha­na­syn­da iş­läp ýör. Ab­raý-mer­te­be ta­pan ýe­ri-dä!
Bi­ziň kö­pi­miz Rah­man aga, Hal­mäm­met, Bä­gül ýa­ly on­lar­ça, ýüz­ler­çe, bel­ki, müň­ler­çe adam­lar ýa­ly sag­dyn bol­ma­gy, go­wy ýa­şa­ma­gy, ab­raý­ly-mer­te­be­li bol­ma­gy ar­zuw ed­ýän­di­ris. Em­ma şol adam­lar ýa­ly, akyl­ly, tej­ri­be­li ha­ly­pa­lar de­ger­li mas­la­hat be­re­nin­de, er­ki­mi­zi mä­käm­den-mä­käm jy­law­lap mak­sa­dy­my­za ýet­mek üçin bi­le­gi­mi­zi pugta çyz­gap, çy­ny­my­zy edip to­pul­ýar­my­kak?! Şu so­wa­ly özü­mem özü­me hä­li-şin­di be­rip gör­ýän. Gö­nim­den gel­me­li bol­sam «ha­wa» di­ýib-ä jo­gap be­rip bil­jek däl.
Si­zem özü­ňiz bi­liň-dä! Bir ýag­daý we­lin hiç ma­hal üyt­ge­me­dik, üýt­ge­me­ýän, üýt­ge­meiek ha­ky­kat: olam her ki­miň öz er­ki­niň öz elin­de­li­gi!

Hu­daý­ber­di DI­WAN­GU­LY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy.