Geçen möwsümiň başynda 34 ýyldan soň “Serıe A” çykan “Pisa” toparynyň bu köp garaşdyran başdan geçirmesi uzak dowam etmedi. “Pisa” topary 1 möwsümden soň ýene-de aşaky liga düşdi.

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 35-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda 17-nji orunda barýan “Leççe” topary myhmançylykda “Pisa” toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. “Leççe” toparyna ýeňiş getiren gollary Banda (52) bilen Şeddira (65) geçirip, “Pisanyň” ýeke-täk goluny bolsa Leri (56) derwezä girizdi.

Şeýlelikde, “Pisa” topary 18 utukda galyp, 1 ýyldan soň ýene-de 2-nji liga (“Serie B”) dolandy. “Leççeniň” bu ýeňşi diňe bir “Pisany” däl, eýsem, 19 utuk bilen 19-njy orunda barýan “Hellas Werona” toparynyň hem aşaky liga düşmegine sebäp boldy. “Werona “toparynyň mundan soňky oýunlarda ýeňiş gazansa-da, “Leççeniň” yzyndan ýetmek mümkinçiligi galmady. “Werona” topary 2019/20 möwsüminden bäri “Serie A”-da çykyş edip gelýärdi.

“Serie A”-dan gitjek 3-nji topar häzirlikçe belli bolman, 18-nji ýerdäki “Kremonezeniň” 28, 17-nji orundaky “Leççeniň” 32 utugy bar. Matematik hasaplamalar boýunça “Jenoa” (39), “Fiorentina” (37), “Kaliari” (36) toparlarynyň hem aşaky liga düşmek ähtimallygy bar.