Bolgariýanyň çempionaty “Parva Ligada” 14 ýyldan soň çempion üýtgedi. Çempionatda “Ludogores Razgrad” topary 2011/12 möwsüminden bäri çempionlygy özünde saklap gelýärdi.

Möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, paýtagt Sofiýanyň “Lewski” topary çempionlygyny yglan etdi. 2-nji ýerdäki “SSKA 1948” toparyny 1-0 hasabynda utup, garşydaşyndan 14 utuk öňe saýlanan “Lewski Sofiýa” 17 ýyldan soň çempion bolmagy başardy. Bu olaryň 27-nji çempionlygy bolup, paýtagtlylar soňky gezek 2008/09 möwsüminde ýeňiş gazanypdylar.

Bassyr 14 gezek çempionlyk gazanan “Ludogores” topary şu möwsümde-de şol başarnygyny gaýtalap bilsedi, onda olar yklymyň rekordynyň ýeke-täk eýesi bolardy. Häzirki wagtda “Ludogores” topary yzly-yzyna çempionlyk gazanmakda 14 çempionlyk bilen Ýewropanyň rekordyny Latwiýanyň “Skonto” hem-de Gibraltaryň “Linkoln Red Imps” toparlary bilen paýlaşýar.