Italiýanyň belli futbol klublaryndan “Breşiýa” topary ýapyldy. 115 ýyllyk taryhy bolan maliýe ýetmezçiligi sebäpli 20 million ýewro möçberindäki bergisini töläp bilmeýändigi sebäpli klubuň lissensiýasy ýatyryldy. 1 1 ýyl “Serie B”-den “Serie C” düşürilen klubdaky ähli işler geçen möwsümde togtadylypdy.
“Serie B”-de 4 gezek çempionlyk gazanan klub soňky sapar “Serie A”-da 2019/20 möwsüminde çykyş edipdi. Klub italýan futbolynyň ägirdi Roberto Bajjonyň karýerasyny tamamlan topary bolup, ol bu ýerde 4 möwsüm oýnady. Şol bir wagtyň özünde Alessandro Altobelli, Maurizio Ganz, Stefan Appiah, Jorj Haji, Marek Hamşik, Mario Balotelli, Luka Toni, Andrea Pirlo, 2 dürli döwürde Pep Guardiola, Sandro Tonali ýaly belli futbolçylar “Breşiýa” klubunyň köýnekçesini geýipdi. Mirçea Luçesku, Zdenak Zeman, Marko Jampaolo, Filippo Inzagi ýaly tälimçiler hem bu kluby türgenleşdiripdi.

1911-nji ýylyň 17-nji iýulynda esaslandyrylan klub “Serie A”-da jemi 23 möwsüm çykyş etdi. Topar esaslandyrylmagyndan 115 ýyl soň, 28-nji iýulda ýapyldy.
PDF








