2-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda zehinli kompozitor Aýna Şirowanyň awtorlyk konserti geçirildi. Aýdym-sazly agşama sungat işgärleri, ýazyjylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, okuwçylar we aýdym-saz muşdaklary gatnaşdylar.
Konsertiň maksatnamasy özüniň baý mazmuny we täzeçilligi bilen tapawutlandy. Çykyşlaryň dowamynda halkara bäsleşikleriniň laureaty Annaoraz Döwletowyň çeper ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» toparynyň ýerine ýetiren «Baky diri esgerler» atly eseri, şeýle-de «Ýagşyň aşagynda gezelenç» ýaly skripka we wiolonçel üçin niýetlenen sazlar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Şirhan Batyrowyň ýerine ýetirmeginde «Çägede galan yzlar», «Şor damjajyklary» hem-de Stella Faramazowanyň sazandarlygynda ýaňlanan «Gadymy Nusaý» fortepiano miniýatýuralary millilige bolan buýsanjy artdyrdy.

Şeýle-de, Bahar Durdyýewanyň we Leýli Salyhowanyň ýerine ýetiren aýdymlary, Seýran Atanyýazowyň, Jeýran Ismailowanyň we Begenç Mirzaýewiň ussatlyk bilen çalan eserleri agşamyň bezegine öwrüldi. Aýratyn bellemeli zat, kompozitoryň Hemra Şirowyň sözlerine döreden we çagalar tarapyndan ýerine ýetirilen «Biz çagalar», «Güneşli Watan» ýaly eserleri ýaş nesliň saz dünýäsine bolan höwesini görkezdi. Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky «Mukam» skripkaçylar toparynyň ýerine ýetiren «Eneleriň walsy» we «Nowruz yşyklary» atly eserleri dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.
Konsertiň dowamynda guralan döredijilikli interaktiw oýunlar agşama gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Diňleýjilere täze saz eseriniň awtordaşy bolmaga mümkinçilik berlip, olaryň sazyň dowamy baradaky pikir-isleglerini ýörite gutujyga salmaklary haýyş edildi. Bu bolsa döredijilik adamsy bilen halkyň arasyndaky ruhy arabaglanyşygyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Dabaranyň ahyrynda, köpleriň göwnünden turan täze eserleriň awtory Aýna Şirowa we beýleki çykyş edenlere minnetdarlyk hökmünde gül desseleri gowşuryldy.
“Zaman-Türkmenistan”.
PDF









