Şweýsariýanyň çempionaty “Swiss Super League”-de çempion belli boldy. 35-nji tapgyryň çäginde sanawyň lideri “Tun” topary myhmançylykda “Bazelden” 3-1 hasabynda agyn geldi. Ýöne 2-nji basgançakda barýan “Sankt-Gallen” topary-da öz meýdançasynda “Siondan” 3-0 hasabynda utuldy. “Sankt-Gallen” toparynyň utulmagyndan soň, “Tun” topary möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan etdi. Bu ýeňiş “Tun” klubunyň 129-njy möwsümi dowam edýän çempionatda 128 ýyllyk taryhynda ilkinji çempionlygy hökmünde hasaba alyndy.

1898-nji ýylyň 1-nji maýynda esaslandyrylan “Tun” toparynyň mundan öňki iň uly başarnygy 2004/05 möwsüminde gazanylan ikinjilikdir. Tun şäheriniň adybir topary 5 ýyllyk arakesmeden soň, ýokary liga çykan möwsümi taryhy çempionlyga eýe boldy. “Tun” topary Şweýsariýanyň çempionatynda çempionlyk gazanan 20-nji klub hökmünde bellenildi.

“Tun” toparynyň çempion bolan möwsüminde ýurduň iň köp çempionlyk gazanan kluby “Grasshopper” topary bolsa ligada galmak üçin ýiti göreş alyp barýar.