Alp daglarynyň jümmüşinde Ýewropanyň inženerçilik pikiriniň täsin nusgasy bolan dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneliniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Awstriýanyň we Italiýanyň serhedindäki Brenner geçelgesinde amala aşyrylýan bu ägirt uly taslamanyň umumy uzynlygy 64 kilometre ýetip, ol tamamlanandan soňra dünýäniň iň uzyn ýerasty demir ýol liniýasy bolar. Täze tunel Ýewropanyň demirgazygy bilen günortasyny birleşdirýän transmilli demir ýol koridorynyň iň möhüm bölegi hökmünde yklymyň ulag-logistika kuwwatyny düýpli artdyrmaga hyzmat eder.
Awstriýanyň Ştaýnah-am-Brenner sebitinde ýerleşýän bu äpet gurluşyk meýdançasynda Ýewropanyň 11 döwletinden gelen hünärmenler we öňdebaryjy kompaniýalar agzybirlikde zähmet çekýärler. Taslamanyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, bu gurluşyk diňe bir tehniki desga bolman, eýsem ,bütin Ýewropa halklarynyň umumy bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň dabaralanmagydyr. Tuneliň gazuw işlerinde dünýäniň iň kuwwatly tehnikalarynyň biri bolan Germaniýanyň «Herrenknecht» kompaniýasynyň ýörite enjamlary ulanylýar. At güýji 6000-e, beýikligi 20 metre, uzynlygy bolsa ýüzlerçe metre ýetýän bu äpet maşynlar dag gatlaklaryny bökdençsiz böwsüp geçmäge ukyplydyr. Bellemeli zat, bu kysymly ýokary tehnologiýaly enjamlar mundan ozal Hytaýyň Huanhe derýasynyň we Panama kanalynyň aşagyndan tunelleri geçirmekde hem özüniň ýokary netijeliligini görkezipdi.
Häzirki wagtda Ýewropanyň ykdysady giňişliginde ýerli önümçiligi goldamak we dünýä bazaryndaky bäsdeşlige durnuklylygy üpjün etmek meseleleri hem gyzgyn ara alnyp maslahatlaşylýar. «Herrenknecht» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Ýewropanyň senagat kuwwatyny saklap galmak üçin döwlet satyn almalarynda ýerli önümlere artykmaçlyk berilmeginiň we daşarky nyrh basyşyna garşy anyk gorag çäreleriniň görülmeginiň zerurdygyny nygtaýarlar. Ýyllyk dolanyşygy bir milliard ýewrodan geçýän we dünýä boýunça 5 müňe golaý işgäri bolan bu kärhana dünýäniň iň çylşyrymly landşaftlarynda, şol sanda Alplarda we Gimalaýlarda täze ýollary açmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
PDF









