«Atoco» at­ly kom­pa­ni­ýa dün­ýä­niň iň gu­rak çöl­le­rin­de hem suw ön­dü­rip bil­ýän ul­ga­my iş­läp taý­ýar­la­dy. En­jam her gün­de müň lit­re çen­li aras­sa suw ön­dü­rip bil­ýär. Bu 500 ada­myň içim­lik suw ze­rur­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Kom­pa­ni­ýa­ny 2025-nji ýyl­da No­be­liň hi­mi­ýa baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan pro­fes­sor Omar Ýa­gi esas­lan­dy­ryp­dyr. Omar Ýa­gi me­tal-or­ga­ni­ki çar­çu­wa­lar (MOF) hem-de ko­wa­lent or­ga­ni­ki çar­çu­wa­lar (COF) at­ly na­no öl­çeg­dä­ki ma­te­ri­al­la­ry iş­läp taý­ýar­lap­dyr. In­di bu teh­no­lo­gi­ýa tä­jir­çi­lik mak­sat­ly ula­ny­lar. Ul­gam gi­je­si­ne ho­wa­da­ky bu­gy özü­ne siň­dir­ýär, Gü­nüň dog­ma­gy bi­len eme­le ge­len ýy­ly­lyk ta­pa­wu­dy se­bäp­li bu­ga­ran suw top­lan­ýar. Bug­dan al­nan suw iç­mä­ge ýa­ram­ly ha­sap­lan­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da bu ul­ga­my dö­ret­mek gym­ma­da düş­ýär. Şeý­le-de bol­sa, şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­dan sar­gyt ka­bul edi­lip baş­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa şol bir wag­tyň özün­de bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly ho­wa­da­ky ha­pa gaz­la­ry tut­ýan ul­ga­my hem iş­läp taý­ýar­la­ýar.
Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa adat­da­ky usul­la­ryň ne­ti­je ber­me­ýän, has gu­rak çöl­le­r­de hem sy­nag­dan ge­çi­ril­di.

Jeren Döwletowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.