Hytaýda demir ýol arkaly 5 günde rekord derejede ýolagçy syýahat etdi. Hytaýyň Döwlet demir ýollary kompaniýasynyň hasabatyna görä, 1-5-nji maý aralygynda demir ýol ulaglaryndan peýdalananlaryň sany 117 milliondan geçipdir. Hepdäniň birinji güni 20,38 million ýolagçy gatnan bolsa, ikinji gün bu san 23 milliona ýetipdir. Ýokary islege jogap bermek üçin ýurduň çäginde jemi 2 müň 225 goşmaça gatnaw ýola goýlupdyr.
Pekin, Şanhaý, Guançžou, Çendu we Şenžen iň köp gatnawyň amala aşyrylan şäherleri bolupdyr.
PDF









