Halkara täzelenýän energiýa agentliginiň (IRENA) maglumatyna görä, batareýa ornaşdyrylan Gün we ýel energiýasy toplumlary üznüksiz elektrik energiýasyny üpjün edýär. Indi bu usul arkaly elektrik energiýasyny öndürmegiň bahasy adaty usuldakydan, ýagny ýerasty energiýa çeşmelerindäkiden has arzan düşýär. Agentligiň taýýarlan «Günüň we ýeliň ykdysadyýeti» atly maglumatynda şeýle toplum arkaly elektrik energiýasyny öndürmegiň bahasynyň
1 megawat/sagat üçin 54-82 amerikan dollary aralygynda üýtgeýändigi bellenildi. Bu görkeziji Hytaýdaky kömür beketlerinde 70-85 dollar, global derejede täze tebigy gaz beketlerinde 100 dollardan ýokary.
Maglumatda 2010-njy ýyldan bäri Günden energiýa alýan desgalaryň gurluşygynyň bahasynyň 87%, gury ýerdäki ýel beketleriniň gurluşygynyň 55%, batareýa gurnamagyň bahasynyň 93% arzanlandygy mälim edildi. Bu bolsa, daşky gurşawa zyýansyz täze tehnologiýanyň diňe daşky gurşaw babatda däl, ykdysady taýdan hem amatlydygyny görkezýär. Şeýle hem batareýaly Gün-ýel toplumlarynyň 1-2 ýylyň dowamynda gurup, ulanmaga berip bolýar.
Aýjan Atageldiýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









