Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda nygtaýşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly adamzat ýaşaýşy üçin uly ähmiýete eýe bolupdyr. Medeni gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm orny eýelän bu ýol dünýä halklaryny ýakynlaşdyryp, adamzat ýaşaýyş-durmuşynyň özgermegine oňyn täsirini ýetiripdir.
Milli Liderimiziň kitabynda beýan edilişi ýaly, gadymy döwürde ata-babalarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ençeme binalary, kerwensaraýlary gurupdyrlar. Şeýle binalar türkmen topragyna gelýän jahankeşdelerde, syýahatçylardyr argyşçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrypdyr. Welaýatlarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Günbatar Türkmenistanda hem Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugrunda binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary bina edilipdir. Eziz Arkadagymyz kitabynda Dehistanda, ýagny Misserianda ajaýyp arhitektura ýadygärlikleriniň birnäçesiniň saklanyp galandygyny guwanç bilen ýatlaýar.
Şeýle ýadygärlikleriň biri hem Etrek etrabynyň merkezinden 90 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şir-Kebir mawzoleýidir. Belentligi 11 metr bolan Şir-Kebir mawzoleýi gurluşyk arhitekturasy bilen düýpli tapawutlanýar. X asyra degişli bolan bu ýadygärligiň ýokarsy gümmezli, mährabynyň nagyşlary Gündogar binagärligine mahsus bolan ýörelgeler bilen sünnälenipdir. Alymlar Şir-Kebir mawzoleýiniň esasy aýratynlygyny onuň diwarlarynyň galyňlygy bilen ölçeýärler. Onuň düýbüne tarap galňaýan diwarlarynyň ölçegi ortaça, 1,5 metr töweregidir. Bu belent binanyň gurluşygy üçin inedördül kerpiçler ulanylypdyr.
Mawzoleýiň diwarlarynyň, üstki böleginiň alebastra arkaly oýmur-oýmur bezelişi ata-babalarymyzyň çeperçilik sungatyndan düýpli baş çykarandygyny beýan edýär. Bu bezeg mawzoleýiň mährabyny has-da gözel görnüşe eýe edýär. Gün nury mähraba düşende, bu nagyşlar aýratyn gözel keşbe girýär. Alymlar mährabyň ösümlik nagyşlaryny we epigrafik nagyşlaryň üznüksiz şekillerini kompozision sungatda seýrek duş gelýän ýagdaý hasaplaýarlar.
Şir-Kebir mawzoleýiniň gurluşygynda ussalar, esasan, gök, gyzyl, ýaşyl reňklere üns beripdirler. Munuň özüne ýetesi çuňňur manysy bolupdyr. Reňkler hakynda aýdanymyzda, gök reňk nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Gadymy “Oguznamalarda” beýan edilişi ýaly, Oguz han, onuň alty oglundan hem-de ýigrimi dört agtygyndan gaýdýan nesil ulgamlary göge – asmana ybadat, Göktaňry hakynda ýalňyz pikire gulluk edipdirler.
Gyzyl reňke türkmenler aýratyn ähmiýet beripdirler. Şu ýerde halk diline ornaşan “Gyzyl ýaly adam”, “Gyzyl ýüzli ýigit” ýa-da “Gyzyl dil – jan zähmeti, abraý – är kuwwaty”, “Gyzyl oduň mähri aýry”, “Gyzyl mata – gyza ýaraşyk” ýaly halk nakyllaryny ýada salalyň! Bu reňk kalbyň beýany hasaplanypdyr.
Ýaşyl reňki – ýaşaýyş, dirilik, tebigatyň gül-gunça bürenip, älem-jahanyň janlanmasy hasaplapdyrlar. Ýaşyl reňk, ýaşyl baýdak Oguz han döwründen gaýdýan alamatlar. Bu reňkleriň üçüsi-de Şir-Kebir mawzoleýiniň keşbinde aýdyň ýüze çykypdyr.
Şir-Kebir mawzoleýiniň ýene bir esasy aýratynlygy onuň ýerli tebigy şertlere görä, daglarda bitýän berk agaçlaryň üstünde gurlanlygydyr. Ol agaçlar islendik ölçegdäki agyrlyklary saklamaga ygtybarly bolupdyr. Mawzoleýiň bu täsinligi X asyr arap syýahatçysy Al-Makdisini aýratyn gyzyklandyrypdyr. Ol mawzoleý hakynda söhbet açyp, onuň agaç sütünleriniň üstünde duranlygyny haýran galyjylyk bilen beýan edipdir.
Şir-Kebir mawzoleýi uzak asyrlaryň dowamynda arheologlary, taryhçy alymlary gyzyklandyryp gelipdir. 1856-njy ýylda wenger alymy Arminiý Wamberi Maşat harabaçylygynyň üstünden geçende, mawzoleý bilen içgin gyzyklanypdyr. 1883-nji ýylda Hazar deňziniň gündogar kenaryna gelip giden G.S.Karelin bolsa, “Geografik jemgyýetiň ýazgylary” atly kitapda mawzoleý hakynda gyzykly maglumatlary beýan edipdir. Belli alym G.A.Pugaçenkowa öz işlerinde mawzoleýiň üç tarapyny sütünli eýwanyň gurşap almagynyň, gümmeziniň käbir ýerinden bişen kerpiçleriň çykyp duran görnüşde örülmeginiň arhitektura sungatynyň kämil nusgasy hökmünde haýran galdyrýandygyny belläp geçipdir.
Häzirki döwürde Şir-Kebir mawzoleýi ýurdumyzyň taryhy gymmatlygy hökmünde goralýar. Mawzoleý hakyndaky taryhy maglumatlar we dürli nusgalyklar 2011-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň hemaýaty bilen welaýat merkezinde açylan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýar.
Hawa, asyrlaryň taryhy wakalaryny özünde jemläp, biziň şu günlerimize gelip ýeten Şir-Kebir mawzoleýi binagärlik sungatynyň naýbaşy eseri hökmünde uç-gyraksyz giňişlikde howalanyp otyr. Bagtyýarlyk döwrüniň Güneşi onuň belent başyna öwüşgin çaýýar. Ata-babalarymyzyň gudratly ellerinden çykan bu bina ony synlanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Goý, ajaýyp döwrümizde halkymyzyň taryhyny, milli medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gazak TAGANMYRADOW,
Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gaznaçysy, Kärdeşler
arkalaşygynyň işjeň agzasy.