Ajaýyp zamanada ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeler göwünleri galkyndyrýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň esasyny düzýän uly ösüşler gazanylýar. Taryhy döwür ýurdumyzyň ösüşleriniň dünýä ýaýylýan, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilýän zamanasy hökmünde şöhratlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ähli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş ýörelgesi bolan «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar halkymyzyň eşretli, abadan durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz gülläp ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uly dabaralar bilen garşylanjak ýylynda eziz Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, umuman, ähli ulgamlardaky kuwwatynyň has-da ýokarlanmagy, ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe sary ynamly gadam urmagy bizi diýseň begendirýär.
«Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümle ösüşlere beslenýän zamanamyzyň belent hakykatyny beýan edýär. Ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, her bir maşgalany häzirki zaman öýi bilen üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp binagärlik eseri bolan Arkadag şäheriniň keşbinde hem görmek bolýar. Köp sanly baýraklaryň eýesi bolan sebitiň deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7 müň 368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary bina edilen bolsa, ikinji tapgyrda 4 müň 284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirmegi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň iň belent görkezijisidir.
Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwaty artyp, ýylda 6 göterimden ýokary ösüş depgini gazanylýar. Muňa şu ýylyň ýanwar-aprel aýlaryndaky ykdysady görkezijiler hem aýdyň subutnamadyr. Bu döwürde jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şol sanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda 10,3 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterim hem-de söwda pudagynda 7,9 göterim ösüş gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň mukdary 10,4 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüşiň gazanylýandygynyň alamatydyr. Ýurdumyz diňe bir haryt dolanyşygyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ösüşi we ekologiýa taýdan deňagramlylygy saklamaga gönükdirilen döwlet syýasatyny hem alyp barýar.
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Diýarymyz ägirt uly sepgitlere ýetýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlan asylly işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda gazanylýan üstünlikler halkara derejede doly ykrar edilýär.
Ogulşeker GURBANOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky şahamçasynyň kitaphanaçysy.
PDF









