Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Afrika döwletlerine bolan saparynyň çäklerinde 9-njy maýda Müsüriň Aleksandriýa şäherine geldi. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekden we Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Aleksandriýanyň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi garşylady. Iki döwletiň liderleri saparyň dowamynda Borg-el-Arab şäherinde ýerleşýän Sengor uniwersitetiniň täze okuw binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. 1990-njy ýylda esaslandyrylan bu ýokary okuw mekdebi halkara frankofoniýa guramasynyň möhüm bilim ojaklarynyň biri bolup, ol Afrika ýurtlary üçin dürli ugurlarda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Prezidentler medeni maksatnamanyň çäklerinde Gadymy Aleksandriýa maýagynyň ýerinde gurlan XV asyryň taryhy ýadygärligi bolan Kaýtbeý galasyna hem baryp gördüler. Şenbe güni badalga alan bu gezelenç Makronyň sebitdäki giň gerimli saparynyň ilkinji tapgyrydyr. 10-njy maý güni prezidentleriň arasynda sebit meselelerine bagyşlanan ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Fransiýanyň Prezidenti bu ýurtdaky saparyny tamamlap, Keniýanyň paýtagty Naýrobi şäherine ugrady. Ol ýerde Prezident Makron Kenianyň Prezidenti Uilýam Ruto bilen ykdysady hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol çeker. Şeýle hem taraplar «Africa Forward» sammitine bilelikde ýolbaşçylyk ederler. Emmanuel Makron Afrika saparyny çarşenbe güni Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abeba şäherinde tamamlap, Afrika Bileleşiginiň ştab-kwartirasynda parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça geçiriljek maslahatlara gatnaşar.
PDF









