Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi barha kämilleşdirilýär. Häzirkizaman ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda kämil ulag syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýol hereketiniň medeniýeti hem örän uly ähmiýete eýedir. Her bir döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetçilik asudalygynda ýol hereketiniň medeniýeti aýratyn orun tutýar. Bu mowzuk diňe bir sürüjilere däl, eýsem, her bir raýata – pyýadalara hem degişlidir.
Ýol hereketi diňe bir ulaglaryň gatnawy däl-de, köp sanly gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda emele gelýän çylşyrymly ulgamdyr. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň infrastrukturasy döwrebaplaşdygyça, ýollardaky tertip-düzgün meselesi hem özüniň wajyplygy bilen öňe çykýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy üç sany esasy sütüne esaslanýar: sürüji, ulag we ýol. Emma bu zynjyryň iň möhüm halkasy adamdyr. Şol sebäpli, ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek we olara eýermek diňe bir borç däl, eýsem, her birimiziň ömrümize we töwerekdäkilerimize bolan hormatymyzdyr. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy (PÝGG) jemgyýetçilik tertibini saklamakda we ýollarda asudalygy üpjün etmekde möhüm wezipäni amala aşyrýar. Bu gullugyň işgärleri her gün islendik howa şertlerine garamazdan, ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zähmet çekýärler. Ýol hereketiniň gatnaşyjylary tarapyndan düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik etmek, ýollarda düzgün bozulmalarynyň we heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça yzygiderli çäreleri geçirmek, aýratyn hem ýaş nesliň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek we wagyz etmek möhümdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýol gözegçilik gullugynyň işine sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň çäklerinde ornaşdyrylýan wideo-gözegçilik ulgamlary we awtomatlaşdyrylan ulgamlar ýollardaky tertibi has-da berkidýär. Bu ulgamlar düzgün bozulmalaryny dessine anyklamaga hyzmat edýär.
Ýol hereketi biziň gündelik durmuşymyzyň bir bölegi. Her bir sürüji we pyýada özüni uly maşgalanyň agzasy ýaly duýup, düzgünleri berjaý etse, ýollarymyz has-da parahat bolar. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň maksady her bir raýatymyzyň öýüne sag-aman barmagyny üpjün etmekdir.
Hakberdi REJEPOW,
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF









