Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkara başlangyçlaryny amala aşyrmakda we sebitde hyzmatdaşlygy, ynanyşmagy berkitmekde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň ähmiýetine aýratyn uly orun degişlidir. Türkmenistan bilen Russiýa halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrjak sapary hem-de «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy sebit we halkara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm sahypa bolar. Bu sapar diňe bir ykdysady däl, eýsem, ruhy-medeni we diplomatik taýdan uly ähmiýete eýedir.
KazanForum – Russiýa Federasiýasy bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär.
Halkara forumyň hem-de onuň çäklerinde geçiriljek «Russiýa – Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO», «Halkara emläk bazary» atly sergiler we maslahatlar, «Kazan halal bazary» halkara ýarmarkasy, «Asylly moda güni» festiwaly ýaly ugurdaş çäreler söwda dolanyşygyny artdyrmak we maýa goýumlary çekmek, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürmek, halal önümçilik ülňülerini ornaşdyrmak umumy gymmatlyklara esaslanýan dostlukly gatnaşyklar hususan-da medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Forum 12–17-nji maý aralygynda geçiriler we oňa dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan wekilleriň gelmegine garaşylýar. Esasy işewürlik duşuşyklary we ylalaşyklar «Kazan Expo» halkara sergi merkeziniň meýdançalarynda amala aşyrylar.
Türkmenistan bu halkara forumda özüniň milli pawilýony bilen wekilçilik eder. Sergide ýurdumyzyň maýa goýum taslamalary, ykdysady kuwwaty we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri giňden görkeziler. Türkmenistanyň milli pawilýony forumyň gatnaşyjylaryna ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri we geljekki bilelikdäki taslamalar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary halkara derejesindäki çäreler bilen hem utgaşykly ösdürilýär. Iki ýurduň çäginde geçirilýän forumlardyr maslahatlara ýokary derejede işjeň gatnaşyk saklanýar. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda «Kazan Forumyny» geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Bu forum ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň karary bilen foruma federal derejesi berildi. Şondan bäri oňa gatnaşyjylaryň gerimi barha giňeýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylda hem bu iri wekilçilikli foruma gatnaşdy. Mahlasy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana bu gezekki sapary hem RF-niň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy, umuman, Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Ýurdumyzyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy-da okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji we 2024-nji ýyllarda hormatly myhman hökmünde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň wekiliýeti-de 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli duşuşyga ençeme gezek gatnaşdy.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF









