Braziliýanyň San-Paulu ştatynda, Itanýaen bilen Peruibi şäherleriniň aralygynda, kenardan 35 kilometr uzaklykda ýerleşýän Keýmada-Grandi adasy barmasy gadagan edilen ýerleriň biri hasaplanýar. Halk arasynda «Ýylan adasy» ady bilen tanalýan bu adada adyndan belli bolşy ýaly, zäherli ýylanlaryň 40-dan gowrak görnüşi ýaşaýar. Dünýäniň iň howply adalarynyň biri bolan Keýmada-Grandi adasynda, takmynan, 430 müň ýylanyň bardygy çaklanylýar. Bu adada dünýäde seýrek duş gelýän we adaty ýylanlardan 12-20 esse güýçli zäheri bilen tapawutlanýan altynsow naýzabaş ýylan (Bothrops insularis) hem ýaşaýar. Maglumatlara görä, uzynlygy 1 müň 500 we ini 500 metrlik adanyň her gektaryna 45 ýylan düşýär. Balykçylar tarapyndan «Ölüm adasy» diýlip atlandyrylýan bu ýere ýaşaýjylara we syýahatçylara baryp görmek maslahat berilmeýär.
43 gektar meýdany eýeleýän adanyň resmi atlandyrylyşy «Ilha Queimada Grande» bolup, «Beýik ot adasy» diýmegi aňladýar. Irki ýyllarda balykçylar we banan ösdürip ýetişdirmek isleýän ekerançylar bu ada girmek üçin ot ulanypdyrlar. Ot ýakyp adadan ýylanlary kowmaga synanyşypdyrlar. Emma bu başa barmandyr. Adada ýeke-täk howp diňe ýylanlar däl. Içimlik suwunyň bolmazlygy, dik gaýalar bilen gurşalmagy we Gün şöhlesiniň dik ýokardan düşmegi (örän yssy) adany iň howply ýerleriň birine öwürýär. Adanyň ýokarky bölegini – gaýalaryň üstüni ýagyş tokaýlary tutýar. Galan bölegini bolsa gurak gaýalar we açyk otly meýdanlar emele getirýär.
Ada nädip köp ýylan geldi?
Halk arasynda (braziller) aýdylýan gürrüňlere görä, irki ýyllarda garakçylar altynlaryny bu ada getirip, hazynany goramak üçin köp sanly ýylan goýberipdirler. Emma hakykatda bu başgaça. Takmynan, 11 müň ýyl mundan ozal dörän ada deňiz suwunyň peselmegi bilen tebigy gurşawa öwrülýär. Ilatly nokatdan uzakda ýerleşýän ada müňlerçe ýyllap adamyň barmazlygy ýylanlaryň çalt köpelmegine getiripdir. Hatda bu adada ýylanlara howp salýan ýyrtyjy jandar hem ýok. Altynsow naýzabaş adada iň köp duş gelýän ýylanyň görnüşi bolup, sanynyň 2-4 müň aralygyndadygy çaklanylýar. Endemik süýreniji hasaplanýan altynsow naýzabaş ýylan adanyň ýagyş tokaýlarynda ýaşaýar. Gowy teňňeli sarymtyl ýylanyň esasy iýmiti serçä meňzeş (krapiwnik we eleniýa) kiçijik guşlardyr.
PDF









