Ugandanyň paýtagty Kampala şäherinde ýurduň saýlanan Prezidenti Ýoweri Museweniniň täze bäş ýyllyk möhlet üçin wezipesine girişmegine bagyşlanan dabaraly kasam kabul etmek çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda dürli harby tehnikalaryň gatnaşmagynda harby ýöriş we awiaşou guraldy. Belent mertebeli myhmanlaryň, şol sanda birnäçe Afrika döwletleriniň Baştutanlarynyň we daşary ýurt wekilleriniň gatnaşmagynda geçen dabarada, Ý. Museweni resmi taýdan döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
81 ýaşly Prezident özüniň giriş sözünde hökümetiň ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga we garyplyga garşy göreşmäge gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmagy dowam etdirjekdigini mälim etdi. Şeýle hem ol Afrika döwletleriniň çig mal eksportyna bolan garaşlylygyndan dynyp, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge çagyrdy. Bellemeli zat, şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen saýlawlarda 70 göterimden gowrak ses alan Ýoweri Museweni 1996-njy ýyldan bäri ýedinji gezek ýurduň Prezidenti wezipesine saýlandy.
PDF









