Aziýanyň iň Dünýä Kubogyna gatnaşýan Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjylaryndan hasaplanýan Ýaponiýanyň ýygyndysynyň hem düzümi belli boldy. Tälimçi Hažime Moriýasu 26 oýunçydan ybarat bolan gutarnykly düzümi mälim etdi. Soňky ýyllarda juda az duşuşykda ýeňilýän Ýaponiýanyň ýygyndysy ýoldaşlyk oýunlarynda güýçli toparlary hem ýeňmegi başardy. Tälimçi Moriýasu düzüme Monakoda oýnaýan azda-kände şikesi hem bolan Takumi Minaminony çagyrmady. 39 ýaşyndaky meşhur goragçy Ýuto Nagatomo hem düzüme çagyrylyp, ol bassyr 5-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder.
Ýaponiýanyň ýygyndysy “F” toparçada Niderlandlaryň, Şwesiýanyň hem-de Tunisiň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Zion Suzuki (Parma) Keisuke Osako (Sanfrekke Hiroşima) Tomoki Haýakawa (Kaşima Antlers) GORAGÇYLAR Ýuto Nagatomo (FK Tokýo) Takehiro Tomiýasu (Aýaks) Ko Itakura (Aýaks) Şogo Taniguçi (Sint-Truiden) Hiroki Ito (Bawariýa) Ýukinari Sugawara (Werder) Aýumu Seko (Le Hawr) Tsuýoşi Watanabe (Feýenoord) Zunnosuke Suzuki (Kopengagen) ÝARYMGORAGÇYLAR Wataru Endo (Liwerpul) Zunýa Ito (Genk) Ritsu Doan (Aýntraht) Daiçi Kamada (Kristal Palas) Takefuso Kubo (Real Sosiedad) Ao Tanaka (Lids Ýunaýted) Keito Nakamura (Reýms) Kaişu Sano (Maýns) HÜJÜMÇILER Aýase Ueda (Feýenoord) Daizen Maeda (Seltik) Koki Ogawa (NEK Niýmegen) Ýuito Suzuki (Fraýburg) Keisuke Goto (Sint-Truiden) Kento Shiogai (Wolfsburg)
PDF









