Dünýä Kubogy 2026-da çykyş etjek toparlaryň düzümi belli bolmagyny dowam etdirýär. Käbir tälimçiler giňeldilen, käbirleri-de gutarnykly düzümlerini mälim edýär. Dünýä Kubogynyň esasy dalaşgärlerinden Fransiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Didie Deşam 26 oýunçydan ybarat gutarnykly düzümi habar berdi. Ussat tälimçi esasy düzüme “Real Madridiň” ýarymgoragçysy Eduar Kamawingany, şol sanda “Ýuwentusdan” Kefren Turamy, “Tottenhamdan” Randal Kolo Muanini, “Liwerpuldan” Hugo Ekitikeni, “Al-Nassrdan” Kingsli Komany, “Marselden” Benžamen Pawary almady. Deşam PSŽ-den 5 futbolçyny toparyň düzümine goşdy.
Deşam esasy düzüme Mbappe, Due, Dembele, Olise, Kante ýaly futbolçylary çagyrdy. Fransiýanyň ýygyndysy “I” toparçada Yragyň, Norwegiýanyň hem-de Senegalyň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Maýk Menýan (Milan) Bris Samba (Renn) Robin Risser (Lans) GORAGÇYLAR Luka Din (Aston Willa) Žul Kunde (Barselona) Teo Hernandes (Al-Hilal) Luka Hernandes (PSŽ) Daýo Upamekano (Bawariýa) William Saliba (Arsenal) Ibrahima Konate (Liwerpul) Malo Gusto (Çelsi) Maksans Lakrua (Kristal Palas) ÝARYMGORAGÇYLAR N’Golo Kante (Fenerbahçe) Adrien Rabio (Milan) Orelien Tçuameni (Real Madrid) Manu Kone (Roma) Warren Zair-Emeri (PSŽ) HÜJÜMÇILER Kilian Mbappe (Real Madrid) Usman Dembele (PSŽ) Markus Turam (Inter) Bredli Barkola (PSŽ) Maýkl Olise (Bawariýa) Manes Akliuş (Monako) Desire Due (PSŽ) Raýan Şerki (Mançester Siti) Žan-Filip Mateta (Kristal Palas)
PDF








