Awstraliýanyň we ABŞ-nyň alymlar topary dünýä ummanynyň ýagdaýyny seljerdiler we adam tarapyndan ulanylmadyk akwatoriýanyň (suw ýüzüniň uçastogy) mukdarynyň hasabyny çykardylar. Barlaglaryň netijeleri Beýik Britaniýanyň “Current Biology” žurnalynda çap edildi. Geçirilen barlaglara görä, el degirilmedik suwlaryň umumy meýdany 55 million inedördül kilometrden ybaratdyr. Dünýä ummanynyň 13 göterimi, akwatoriýanyň bolsa 5 göterimi goragda saklanylýar.
Alymlar öz barlaglarynda ýük daşamak, ulag, balykçylyk, senagat önümçiliginden galan suwlary we oba hojalyk dökünleri ýaly adamzat amallarynyň 12 görnüşiniň ummanlara ýetirýän täsirini öwrendiler. Umman suwlaryna 15 sany täsir etmedik ýagdaý, el degirilmedik hasaplanyp, ol ýerde adamyň täsiri 10 göterimdenem az bolup çykdy.
Alymlar iň giň we ýabany akwatoriýanyň Hindi-Ýuwaş umman sebitlerinde, şeýle hem Arktika we Antarktikada ýerleşip, olaryň meýdanynyň 16 million inedördül kilometre barabardygyny anykladylar. Afrikanyň günortasyny gurşap alýan suwlar el degirilmedik iň az zolaklar hasaplanýar. Barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, ýabany zolaklar Ýeriň ekologiýa ýagdaýy üçin has möhüm rol oýnaýar, sebäbi olarda beýleki ýerlere garanyňda, biologik köpdürlüligiň derejesi has ýokarydyr. Şeýle akwatoriýanyň goralmagy Ýer togalagynyň biodürlüligini gorap saklamaga ýardam berýär.