Adatça, bulutlar çal ýa-da ak reňkli bolup görünýär. Eýsem, suwuň reňkiniň ýokdugyna garamazdan, bugdan emele gelen bulutlar näme üçin ak bolup görünýär?! Bulutlaryň düzüminde howa hem bar. Onuň düzümindäki suw örän ownuk bölejiklerden ybarat. Howa we suw reňksiz bolansoň, şöhläni yza serpikdirmeýär. Şol sebäpli yşyk buludyň birnäçe metr içine girýär. Buluda giren şöhle onuň içindäki damjajyga urýar. Şol ýagdaýda şöhle pytraýar we onuň ugry az-kem üýtgeýär. Bulut dykyz bolsa, her bir şöhle birnäçe suw damjasyna degýär. Ol şöhleleriň her biri iň soňunda buluda giren ýerine golaý ýerden yzyna çykýar.
Buludyň reňki şöhläniň oňa beren reňkleriniň birikmegi netijesinde döreýär. Günüň şöhlesi, adatça, ak reňkli bolansoň, bulutlar hem ak bolup görünýär. Emma Günüň batýan wagty ýa-da şäherlerde emeli yşyklaryň köp ýerlerinde başgaça reňkde görünýär. Şeýle hem bulutlar arkaly her ýylda iki million tonna bakteriýa, 55 million tonna kömelek tohumy we köp mukdarda suwoty howa akymy arkaly atmosfera goşulýar.
Bu mikroskopik jandarlar howanyň ýagdaýyna hem täsir edýär. Bu jandarlar bulutlardaky suw bugunyň ýagşa öwrülmegini çaltlandyrýar.