Ýer ýü­zün­de dag­la­ryň, der­ýa­la­ryň, to­kaý­la­ryň, çöl­le­riň bol­şy ýa­ly, um­man­dyr de­ňiz­ler­de hem ot­lar, dür­li gör­nüş­li jan­dar­lar, dag­lar, akym­lar bar. De­ňiz­dä­ki jan­dar­la­ry kis­lo­rod bi­len üp­jün ed­ýän ösüm­lik­le­riň bi­ri hem um­man po­si­do­ny­dyr (“Po­si­do­nia oceanica”). Oňa baş­ga­ça Nep­tun oty, Or­ta­ýer ha­şal oty hem di­ýil­ýär. Bu ot­lar Or­ta­ýer we Egeý de­ňiz­le­rin­de 1 metr­den 40 met­re çen­li çuň­luk­da ös­ýär. Bu ot­lar gu­ry ýer­dä­ki to­kaý­lar ýa­ly fo­to­sin­tez ar­ka­ly ön­dür­ýän kis­lo­ro­dy­ny su­wa goý­be­rip, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ýa­şa­ma­gy üçin şert dö­red­ýär. Gün şöh­le­si­niň ýet­ýän çä­gin­de ös­ýän ot­lar tol­ku­nyň we aky­myň he­re­ke­ti­ni azal­dyp, su­wuň du­ry bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Onuň bal­dak­la­ry deň­ziň aşa­gyn­da ke­se­li­gi­ne we dik­li­gi­ne ös­ýär. Olar ada­ty ýag­daý­da ke­se­li­gi­ne, haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len çen­de­na­şa köp çä­ge ýyg­nal­sa, dik­li­gi­ne ös­ýär. Olar no­ýabr-de­kabr aý­la­ryn­da gül­le­ýär. Ke­nar­ýa­ka eko­sis­te­ma­sy üçin äh­mi­ýet­li bo­lan bu ösüm­lik­ler beý­le­ki jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy we kö­pel­me­gi üçin amat­ly şert dö­red­ýär. Or­ta­ýer deň­zin­dä­ki jan­dar­la­ryň 25 gö­te­ri­mi bu ösüm­lik­le­riň eme­le ge­tir­ýän “öri meý­dan­la­ryn­da” ýa­şa­ýar.
Ola­ryň gu­ran ýap­rak­la­ry tol­ku­nyň tä­si­ri bi­len bi­ri-bi­ri­ne ýa­py­şyp, ýu­mak gör­nüş­li bol­ýar. Ke­na­ra çy­kan bu top­ja­gaz­lar şe­ma­lyň ba­dy­na has uza­ga hem gid­ýär. Ital­ýan­lar oňa “de­ňiz zeý­tu­ny” (“l’oliva di ma­re”), de­ňiz to­py (“pal­le di ma­re”) ýa-da de­ňiz kar­toş­ka­sy (“pa­ta­te di ma­re”) diý­ýär­ler. Deň­ziň gum­luk ýer­le­rin­de ös­ýän bu ot­lar ke­nar­da top­ra­gyň ero­zi­ýa­sy­nyň öňü­ni al­ýar, su­wy aras­sa­la­ýar. Bu ösüm­lik­le­riň bal­dak­la­ry por­ruk bol­ýar. Ösüm­li­giň ýa­şyl ýap­rak­la­ry 1,5 met­re çen­li ös­ýär. Ýap­rak­la­ry­nyň ini 1 sm bo­lup, her düýp otuň 13-17 ugur­daş ös­ýän kö­ki bol­ýar. Ke­se­li­gi­ne ös­ýän kök­le­ri bol­sa, has köp ýe­ri tut­ýar. 2016-njy ýyl­da Iwi­sa ada­sy­nyň gü­nor­ta­syn­da bir düýp otuň 8 km meý­da­ny eýe­län­di­gi anyk­lan­dy. Ol otuň 100 müň ýa­şan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bel­ki-de, bu ot Ýer ýü­zün­dä­ki iň köp ýaş­ly jan­ly or­ga­nizm hem bo­lup bi­ler.