Gyz­dy­ry­lan mad­da gi­ňel­ýär, ýag­ny boş­luk­da has köp ýe­ri tut­ýar. So­wan mad­da bol­sa, bü­zü­lip, has az ýer tut­ýar. Si­map­ly ter­mo­metr hem fi­zi­ka­nyň şol ka­da­sy esa­syn­da iş­le­ýär. Si­map gy­za­nyn­da gi­ňäp, ýo­kar­ly­gy­na gal­ýar, so­wa­nyn­da ki­çe­lip, aşak düş­ýär. Bu ýag­daý has köp gaz ha­lyn­da­ky mad­da­lar­da bo­lup geç­ýär. Em­ma su­wuk­lyk­lar­da we me­tal­lar­da hem şeý­le ýag­daý eme­le gel­ýär. Me­tal gur­luş­lar gur­lan­da, bu ýag­daý göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýag­ny gur­lu­şyň ulu­ly­gy­nyň ýa-da uzyn­ly­gy­nyň ho­wa­nyň ys­sy we so­wuk wag­ty üýt­gä­nin­de, oňa zy­ýan ýet­me­gi­niň öňi alyn­ýar. Köp­rü­ler, tur­ba ge­çi­ri­ji­ler, elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler, de­mir­dir po­lat­dan ýa­sa­lan beý­le­ki des­ga­lar­da bu ýag­da­ýa aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şeý­le des­ga­la­ryň iň meş­hu­ry Pa­riž­dä­ki Eý­fel di­ňi­dir. Hä­zir­ki­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da bu äpet des­ga po­lat­dan däl-de, de­mir­den gur­lup­dyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry­dy­gy se­bäp­li 1 asyr gow­rak bä­ri ýy­kyl­man dur. Ol tom­suň ys­sy gün­le­rin­de 15 san­ti­met­re çen­li uzal­ýar. Di­ňe bir Pa­ri­žiň däl, Fran­si­ýa­nyň hem ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan bu tä­sin des­ga 1889-njy ýyl­da “Expo 1889” ser­gi­si­niň gi­riş derwezesi hök­mün­de 20 ýyl­lyk möh­let bi­len gu­rlup­dy. Bi­na­ny gur­mak üçin 3000 iş­çi 26 aý­lap, 18 müň­den gow­rak de­mir bö­le­gi­ni bir­leş­dir­ýär. Mu­nuň üçin 2,5 mil­li­on tö­we­re­gi ber­ki­di­ji çüý ula­nyl­ýar.
As­lyn­da bu äpet di­ňiň il­kin­ji me­ýil­na­ma­sy­ny oňa ady­ny be­ren Gýus­taw Eý­fel däl-de, şweý­sa­ri­ýa­ly Mo­ris Kýoh­le­niň sar­gyt et­me­gi bi­len onuň kär­deş­le­ri Ste­fan Se­westr we Emil Nug­ýe taý­ýar­la­ýar. Şol dö­wür­de onuň gur­lu­şy­gy üçin 7 739 400 frank­dan gow­rak pul harç­lan­ýar. Bu Eý­fe­liň çak­la­ma­syn­dan 1 mil­li­on frank köp bol­ýar. Em­ma onuň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gyn­a 5 aý galanynda, bu ada­ty bol­ma­dyk yma­ra­ty gör­mä­ge ba­ran­la­ryň sa­ny 1,9 mil­lio­na ýet­ip­dir. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bol­sa, ge­len myh­man­lar­dan al­nan pul bi­len onuň üçin edi­len çyk­da­jy­nyň ¾ bö­le­gi ýa­pyl­ýar. Be­ýik­li­gi 300 metr tö­we­re­gi bo­lan bi­na ara­gat­na­şyk üçin goý­lan an­ten­na­lar bi­len 324 met­re ýet­ýär. 1909-njy ýyl­da ol sö­kül­me­li­di. Em­ma şol dö­wür­ler ara­gat­na­şyk an­ten­na­la­ry üçin amat­ly şert dö­red­ýän­di­gi we At­lan­tik um­ma­ny­nyň aňyr­syn­da­ky ýurt­lar bi­len ha­bar­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi se­bäp­li ýy­kyl­man­dyr. Meş­hur­ly­gy bar­ha art­ýan­ly­gy se­bäp­li dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da hem şo­ňa meň­ze­di­lip, me­tal ymaratlar gu­rul­ýar. Bi­na­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nan­da, şol dö­wür­dä­ki iň be­ýik bi­na ha­sap­lan­ýan Wa­şing­ton ýadygärliginden iki es­sä go­laý be­ýik bol­ýar. Bu re­kord 41 ýyl­dan soň­ra Nýu-Ýork­da­ky “Kraýs­ler Buil­ding” gök­di­rä­ni gu­rul­ýan­ça sak­lan­ýar. Bi­na­ny 7 ýyl­dan bir ge­zek reňk­le­ýär­ler. Mu­nuň üçin 60 ton­na reňk se­riş­de­si peý­da­la­nyl­ýar. Dür­li dö­wür­ler­de bi­na­nyň reň­ki gy­zy­lym­tyl go­ňur, sa­rym­tyl go­ňur we hä­zir­ki wagt­da mis reň­kin­de reňk­len­ýär. Bi­na haý­sy reň­ke reňk­len­se-de oňa üç dür­li öwüş­gin be­ril­ýär. Iň ýo­kar­ky bö­le­gi açyk reňk­li, iň aşa­ky bö­le­gi has go­ýy reňk­li bol­ýar.