61 ýyldan soň hem kubogy, hem-de çempionlygy gazandy

7

Awstriýanyň çempionaty “Bundesligada” çempion soňky tapgyrda belli boldy. Lins şäheriniň LASK topary soňky tapgyrda myhmançylykda “Austria Wien” toparyndan Mbuýambanyň, Adeniranyň hem-de Bogardeniň gollary bilen 3-0 hasabynda üstün çykdy. Netijede, “Şturm Grasdan” 2 utuk öňe saýlanan LASK topary 61 ýyldan soň taryhyndaky 2-nji çempionlygyny baýram etdi. LASK topary ilkinji çempionlygyny 1964/65 möwsüminde gazanypdy. Şol möwsümde kubogy eýelän LASK topary şu möwsümde-de ýurduň kubok ýaryşynda-da ýeňiji bolup, goşa üstünlik gazandy.

Awstriýanyň çempionatynda soňky 20 möwsümde “RB Salsburg” 14 (2014-2023-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 10 gezek ýeňiji boldy), soňky 2 ýylyň ýeňijisi “Şturm Gras” 3, Wenanyň “Rapid” hem-de “Austria” toparlary-da 1 gezek çempionlyga ýetmegi başardy. Awstriýada “Rapidiň” 32, “Austrianyň” 24, “RB Salsburgyň” 17 çempionlygy bolup, olar öňdäki 3 orny eýeleýärler.