“Çelsi” täze tälimçisi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy

4

Möwsüme italiýaly Enzo Mareskanyň tälimçiliginde başlap, ýanwarda-da Liam Roseniory wezipä bellän “Çelsi” toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Roseniory aprel aýynda klubdan ugradyp, ornuna wagtlaýynça Kallum MakFarleýni wezipä bellän londonlylaryň indiki tälimçisi ispaniýaly Habi Alonso bolar. 1-nji ýyldan türgenleşdirip başlajak 44 ýaşyndaky hünärmen “Çelsi” bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Şu ýylyň başynda “Real Madriddäki” tälimçiligini taşlan Habi Alonso Angliýanyň “Premier Ligasynda” “Liwerpulda” 5 möwsüm futbol oýnapdy.

2019-njy ýylda “Real Sosiedad B” topary bilen tälimçilige baş goşan Alonso 2022-2025-nji ýyllar aralygynda Germaniýanyň “Baýer” toparyna tälim berip, lewerkuzenlilere 2023/24 möwsüminde ýeňlişsiz 3 kubok (şolaryň biri “Bundesliganyň” çempionlygy) gazandyrypdy. “Baýer” taryhynda ilkinji gezek “Bundesliganyň” çempiony bolup, “Bawariýanyň” yzy üznüksiz çempionlyklaryna arakesme beripdi. Alonsonyň “Real Madriddäki” başdan geçirmesi şowly başlasa-da, soňlugy bilen käbir düşünişmezlikler sebäpli klubdan gaýtmaly bolupdy.

Alonso watandaşy Rafael Benitesden soň “Çelsini” türgenleşdirjek 2-nji ispaniýaly tälimçi bolar.