Pars edebiýatyna bagyşlanan edebi-medeni duşuşyk hem-de bäsleşik geçirildi

8

15-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkeziniň guramagynda her ýylyň 15-nji maýynda bellenilýän Pars dilini goramak we nusgawy pars edebiýatynyň görnükli dessançy şahyry Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak gününe bagyşlanyp edebi-medeni duşuşyk hem-de Şanama okamak bäsleşigi geçirildi. Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak gününe bagyşlanyp geçirilen goşgy bäsleşigine emin agzalary hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, pars dili we edebiýaty boýunça doktor Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiň pars dili we edebiýaty mugallymy Ýadulla Mohammadi, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Leksikografiýa, terminologiýa we dil medeniýeti bölüminiň ylmy işgäri Güýçmyrat Çaňlyýew hem-de Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa we edebi miras bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rahmanberdi Godarow gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar ýokary okuw jaýynyň zalynda bu ýokary okuw jaýynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde gurnalan Abulkasym Ferdöwsini döredijiligine, Pars diline degişli kitaplary, taryhy el işleri hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanan sergisini synladylar.
Dabaranyň başynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani we Ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Çykyşlarda pars we türkmen edebiýatyndaky umumylyklar beýan edilip, olaryň köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy medeni we ruhy gymmatlyklara, şol sanda umumy edebiýata we taryha esaslanýandygy barada bellenip geçildi.
Jemi üç tapgyrdan ybarat bolan Şanama okamak bäsleşigiň birinji tapgyrynda gatnaşyjylar Abulkasym Ferdöwsini pars dilindäki şygyrlarynyň azyndan 10 beýtini (ikilemesini) ýatdan aýdyp berdiler. Ikinji tapgyra saýlanan 6 sany gatnaşyjy öz aýdan şygyrlarynyň hekaýasyny pars dilinde düşündiriş berdi. Jemleýji tapgyra jemi 5 sany gatnaşyjy saýlandy we olara emin agzalarynyň topary tarapyndan pars dilinde taýýarlanan Abulkasym Ferdöwsiniň ömri we döredijiligine degişli 30 sany sorag berildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyby Irada Guseýnowa I orna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Selbi Orazowa II orna, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyby Mähri Gurbanowa Ⅲ orna mynasyp boldy. Ýeňijilere jenap Ilçi hem-de Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi tarapyndan Minnetdarlyk haty, ýadygärlik sowgat we pul baýraklary gowşuryldy.
Dabaraly çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar we folklor tans toparlarynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň türkmen we pars dillerinde ýerine ýetiren täsirli çykyşlary çäräniň medeni taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdiler.