12 – 13-nji maýda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezinde maglumatlary seljermek, nädogry maglumatlardan goranmak we sanly gurşawda jogapkärli mazmun döretmek endiklerini kemala getirmäge gönükdirilen okuw geçirildi. Okuwa ýurdumyzyň welaýat neşirleriniň işgärleri, şeýle hem onlaýn portallaryň, telewideniýäniň wekilleri we hukukçylar gatnaşdylar. Okuwa gatnaşan žurnalistleriň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri edaralarynda köp ýyldan bäri işleýänler bilen bir hatarda ýaşlar hem bar.
Ýaýradylýan maglumatlaryň hili we ygtybarlylygy jemgyýetiň ynamyna hem-de köpçüligiň hakyky maglumatlary galp maglumatlardan tapawutlandyrmak ukybyna gönüden-göni täsir edýär. Hünär etikasynyň ähmiýetine ünsi çekip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Wilýam Lif özüniň çykyşynda şeýle diýdi:
– Häzirki zaman dünýäsinde žurnalist bolmak uly jogapkärçilikdir. Biz siziň media sowatlylygy ýaly möhüm meseleleri öňe sürmekdäki aýratyn ukybyňyza ýokary baha berýäris.
Okuw maksatnamasyna uzak aralykdan halkara bilermen Adil Jalilow («MediaNet» halkara žurnalistika merkezi, Gazagystan) gatnaşdy. Bilelikdäki tagallalar netijesinde maglumatlary barlamak (faktçeking), döwrebap medianyň iş gurallary, neýroulgamlaryň kömegi bilen döredijilikli mazmun taýýarlamak, sanly howpsuzlyk we ÝUNESKO-nyň etiki ýörelgelerini öz içine alýan netijeli okuw meýilnamasy düzüldi.
ÝHHG-niň merkezi Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň erkinligi we media sowatlylygy bilen bagly düzgünleriniň durmuşa geçirilmegine ulgamlaýyn esasda ýardam berýär. Häzire çenli köpçülige tälim bermek wezipesi ýüklenen 20 sany milli tälimçiden ybarat topar taýýarlandy. Geçirilen çäre bu hünärmenler tarapyndan guralýan okuw maslahatlarynyň nobatdakysy boldy. Mundan ozal žurnalistleriň, döwlet gullukçylarynyň, blogerleriň we talyplaryň gatnaşmagynda şeýle okuwlar guralypdy.
Şeýle maksatnamalaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi žurnalistleriň hünär taýdan kemala gelmegi üçin strategik ähmiýete eýedir. Bu bolsa hünärmenlere maglumat giňişligini goramagyň gurallaryny we ählumumy wehimlere garşy durmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berer.
PDF









