Ýewropa Parlamentiniň deputatlary tarapyndan Ýewropa Bileleşigi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «Ternberi» söwda ylalaşygy makullandy. Bu resminama geçen ýyl Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen ile ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar esasynda taýýarlanyldy. Şertnama laýyklykda, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan amerikan harytlarynyň importy üçin gümrük paçlaryny doly ýatyrylýar, şeýle hem 2028-nji ýyla çenli ABŞ-nyň strategik ykdysady pudaklaryna 600 milliard dollar maýa goýmak we 750 milliard dollar möçberinde amerikan energiýa serişdelerini satyn almak göz öňünde tutulýar. Amerikan tarapy bolsa öz gezeginde Ýewropadan getirilýän import harytlarynyň gümrük pajyny 15 göterim derejesinde çäklendirmäge borçlanýar.
PDF









