Parižde seredilýän nokadyna görä görnüşini üýtgedýän, 42 gatly täze «Tour Triangle» gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Şweýsariýanyň «Herzog & de Meuron» binagärlik kompaniýasynyň taslamasy boýunça gurulýan bu desga Monparnas binasyndan we Eýfel diňinden soň Parižiň çäklerindäki üçünji iň belent bina boldy. Bu desganyň boýunyň ýetmegi bilen, onuň keşbi paýtagtyň umumy görnüşinde, taryhy ýadygärlikleriň we şäher köçeleriniň arasynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Täze bina taryhy şäher merkezi bilen Uly Pariži baglanyşdyrýan, ýerli ýaşaýjylar we daşary ýurtly syýahatçylar üçin açyk jemgyýetçilik meýdançasy bolar.
Trapewasiýa görnüşinde taslanan «Tour Triangle» gökdiräni Parižiň merkezinden seredilende inçe, dikligine giden diň bolup görünse, gündogardan we günbatardan seredeniňde bolsa özüniň üçburçly şekilini doly açyp görkezýär. Binagärleriň pikiriçe, bu üýtgeşik geometriýa desganyň daşky keşbine aýratyn gözellik bermek bilen çäklenmän, eýsem, içki otaglaryň daşaryny synlamak mümkinçiligini hem gowulandyrýar we goňşy binalaryň üstüne düşýän kölegäniň çägini azaldýar. Binanyň içinde myhmanhana, edara binalary, dükanlar, restoranlar we maslahat merkezi ýerleşer. Şeýle hem ekologik taýdan arassa energiýany öndürmek maksady bilen, desganyň fasadynyň tutuş günorta bölegi Gün panelleri bilen örtüler.
Täze binanyň taslama beýikligine ýetmegi ýigrimi ýyla golaý dowam eden çylşyrymly taryhy tapgyryň netijesidir. Binagärler bu taslama boýunça işe entek 2006-njy ýylda başlapdylar, emma Parižde beýik binalaryň gurulmagy elmydama uly jedelleri döredýändigi sebäpli, taslama köp sanly kazyýet işlerini we jemgyýetçilik nägileliklerini başyndan geçirdi. Şol sebäpli desganyň gurluşyk işlerine diňe 2022-nji ýylda badalga berildi. Ýeri gelende aýtsak, «Tour Triangle» gökdiräni paýtagtda beýik binalaryň gurluşygyna gaýtadan berk çäklendirmeleriň girizilmegine sebäp boldy. Parižde 1977-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli binalaryň beýikliginiň 37 metrden aşmazlygy baradaky düzgün hereket edip, soňra ol üýtgedilipdi.
PDF









