«Barclays» britan maliýe edarasynyň maglumatyna görä, robotlaryň işe girizilmegi Hytaýda 2035-nji ýyla çenli azalmagyna garaşylýan işçi güýjüniň 60 göteriminiň öwezini dolup biler. Maliýe edarasy geljek 10 ýylda Hytaýda işçi güýjüniň 37 million azaljakdygyny çaklaýar. Şol wagta çenli ýurtda adamsypat robotlaryň 24 milliony işe giriziler.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, robotlar bilen bir hatarda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar hem önümçiligiň artmagyna ýardam eder. Ýurtda çaga dogluşynyň azalmagy, adam ömrüniň dowamlylygynyň artmagy zähmete ukyply adamlaryň sanynyň umumy ilatyň içindäki paýynyň azalmagyna getirýär. Şol bir hereketi dynuwsyz gaýtalaýan bu robotlar adam eli bilen etmesi kyn bolan işleri ýerine ýetirýärler. Ýurtda diňe adamsypat robotlara däl, eýsem, äpet senagat robotlaryna hem ummasyz maýa goýulýar.
Begenç Mätekow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gubadag etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.
PDF









