Dünýä belli «TasteAtlas» saýty 2026-njy ýylda iň gowy aşhanasy bilen tanalýan şäherleriň sanawyny ýaýratdy. Saýt dünýäde tagamlara baha bermek bilen meşgullanýar. Sanawa dünýäniň dürli ýerlerinden şäherler girizilip, ol ýerlerde köçe tagamlary, milli tagamlar we dürli süýjülikler taýýarlanýar.
Sanawda Aziýadan, Ýewropadan we Amerikadan birnäçe şäher bar. Ilkinji dört ýeri italýan şäherleri eýeleýär. Napoli şäheri birinji ýeri eýeledi. Napoli pizza we adaty italýan aşhanasy bilen tanalýar. Ikinji ýerdäki Milan şäherinde bolsa, rizotto we Demirgazyk Italiýa aşhanasyna degişli tagamlar bar. Üçünji ýerdäki Bolonýa şäheri makarondan taýýarlanýan naharlary bilen bellidir. Dördünji orundaky Florensiýa bolsa, Toskana sebitine mahsus bolan etli naharlary bilen tanalýar. Ilkinji bäşligi Hindistanyň Mumbaý şäheri jemläpdir. Şäher köçe tagamlary we ysly otlar goşulýan hindi naharlary bilen köpleriň ünsüni çekýär.
PDF









