Mozambikde örän çylşyrymly inženerçilik işi amala aşyryldy. Agramy 7 müň tonna bolan zawod sökülmezden, bitewüligine göçürildi. Zawod daşalanda 50 sany SPMT (özi hereket edýän tirkeg) we 300 sany ulag serişdesinden peýdalanyldy. Ilki bilen ulaglaryň geçjek ýoly taýýarlandy – agyr ýüki göterer ýaly edildi. Ýoluň beýikli-pesli ýerlerinde wagtlaýyn köprüler guruldy. Soňra bolsa, äpet zawod ýüzlerçe tigri bolan platformalarda uzakdan dolandyrylmak arkaly daşaldy. Bu ösen ulgamlary millimetr tapawut bilen hereket etdirip bolýar. Hünärmenler haýsydyr bir bökdençligiň öňüni almak üçin desgany örän haýal hereket etdirdiler.
Köp sanly aýratyn hereket edýän tigirleri bolan SPMT ulaglary soňky ýyllarda uly desgalary – energiýa generatorlaryny, köprüleriň sütünlerini, nebit platformalaryny daşamakda peýdalanylýar. Hatda bu usul arkaly taryhy binalary hem göçürip bolýar. Bilermenler Mozambikde amala aşyrylan bu işiň soňky ýyllardaky iň şowly amallaryň biridigini belleýärler. Uly zawodyň sökülmezden daşalmagy ony göçürmek üçin edilýän çykdajyny ep-esli azaldýar.
PDF









