Maý aýynyň ortalaryndan başlap, Demirgazyk polýusda Gün ýaşman başlady. Her ýylyň ýaz we tomus aýlarynda gaýtalanýan bu täsin tebigy hadysa 3 aýa golaý dowam edýär.
Sebitde az sanly hem bolsa ilat ýaşaýar. Demirgazyk polýusyň iň köp ilatly ýeri Alýaskadaky Utkiagwik hasaplanýar. Utkiagwigiň 5 müňe golaý ilaty bar. Sebitde 2-nji awgusta çenli Gün gorizont çyzygyndan aşak düşmez. Ýeriň Günüň daşyndaky orbitada 23,5 derejede gyşyk ýerleşmegi Ýer ýüzünde pasyllaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Emma bu ýagdaý planetanyň iki tarapyndaky polýuslarynda ýylyň belli döwürlerinde gijäniň we gündiziň uzak wagt dowam etmegine getirýär. 21-nji iýunda Demirgazyk polýusyň Güne bakmagy sebäpli, Gün asmanda aýlanyp durýar. Polýusdan daşlaşyldygyça has gysga wagtda dowam edýän ýagty günler bolup geçýär. Mysal üçin, Alýaskanyň Feýrbanks şäherinde 70 günläp Gün batmaýar. Bu döwürde Ankorij şäherinde günüň uzynlygy 16-19 sagat dowam edýär.
Gyşyna bolsa, tersine ýagdaý bolup geçýär. Käbir ýerlerde 64 günläp Gün dogmaýar.
Gurbanmämmet Amanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.
PDF









