Britaniýaly meşhur alpinist Kenton Kul dünýäniň iň belent nokady bolan Ewerestiň depesine 20-nji gezek üstünlikli çykyşyny amala aşyryp, alpinistleriň arasynda özüne degişli bolan dünýä rekordyny täzeledi. Beýikligi 8 müň 849 metre barabar bolan belentlige ýeten alpinist bu gezekki taryhy ýörişini özüniň tejribeli ýolgörkezijisi Jorje Gýelzen bilen bilelikde amala aşyrdy. Halkara alpinizm jemgyýetçiliginiň wekilleri Kuluň bu sepgidini nusgalyk dereje hökmünde baha berýärler.
Häzirki wagtda Ewereste çykmakdaky rekord ýerli alpinist Kami Rita Şerpa degişli bolup, ol geçen hepde dagyň depesine 32-nji gezek aýak basdy.
Mälim bolşy ýaly, Ýer togalagynyň iň belent nokadyna ilkinji gezek 1953-nji ýylyň maý aýynda täze zelandiýaly Edmund Hillari hem-de nepally Tensing Norgeý tarapyndan aýak basylypdy. Nepal bilen Tibetiň serhedinde ýerleşýän bu meşhur dag ulgamy dünýäniň çar künjünden alpinistleri we syýahatçylary özüne çekmegini dowam edýär. Şunlukda, geçen hepdede amala aşyrylan ýörişleriň çäginde, amatly howa şertlerinden peýdalanyp, bir günüň özünde Rekord derejede – 270 alpinist hem-de ýolgörkeziji dagyň Nepal tarapyndan ýokary sepgide ýetmegi başardy. Emma sebitdäki kyn şertler sebäpli, aşak düşülýän wagty hindistanly iki sany alpinistiň wepat bolandygy hem habar berildi.
PDF









