Sloweniýanyň Döwlet ýygnagy (parlamentiň aşaky palatasy) 22-nji maýda geçirilen mejlisinde Slowen demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Ýanez Ýanşany ýurduň Premýer-ministri wezipesine bellemek baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu barada Döwlet ýygnagynyň başlygy Zoran Stefanowiç habar berdi. Degişli çözgüdi 90 orunlyk parlamentiň deputatlarynyň 51-si goldady, 36-sy bolsa muňa garşy çykdy. Täze bellenen Hökümet ýolbaşçysynyň öňünde ýakyn wagtda parlamentiň seretmegi üçin Ministrler Kabinetiniň düzümini hödürlemek wezipesi durýar.
Ýatlap geçsek, şu ýylyň 22-nji martynda geçirilen Döwlet ýygnagyna nobatdaky saýlawlarda ozalky Premýer-ministr Robert Golobyň ýolbaşçylygyndaky «Erkinlik hereketi» partiýasy 29 orun alyp, az-kem artykmaçlyk bilen ýeňiş gazanypdy (Ýanşanyň partiýasy 28 orun alypdy). Şeýle-de bolsa, koalisiýa boýunça geçirilen birnäçe hepdelik gepleşiklerden soň liberal partiýa parlamentde köplügi emele getirip bilmedi we Hökümetiň düzümine girmän, öz işini beýleki syýasy güýçleriň hatarynda dowam etmeli boldy.
Şondan soňra dolandyryjy koalisiýany döretmek hukugy saýlawlarda ikinji bolan Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşa geçdi. 21-nji maýda Slowen demokratik partiýasynyň, «Demokratlaryň», «Täze Sloweniýa – Hristian demokratlarynyň», Slowen halk partiýasynyň we «Fokus» partiýasynyň liderleri koalisiýa ylalaşygyna gol çekdiler. Ýanez Ýanşa özüniň syýasy durmuşynda dördünji gezek ýurduň hökümet Başlygy boldy. Ol mundan ozal 2004 – 2008-nji, 2012 – 2013-nji we 2020 – 2022-nji ýyllarda Sloweniýanyň Hökümetine ýolbaşçylyk edipdi.
PDF









